Turkmenportal logo
12.03.22
88098809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 09:00-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi

Şu gün — 12-nji martda sagat 07:00-da Türkmenistanda möhletinden öň geçirilýän Prezident saýlawlaryna ses berlişik öz işine başlady. Sagat 19:00-a çenli dowam etjek syýasy çärede saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen 9 dalaşgäriň iň mynasyplaryna öz seslerini bererler.


Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň resmi web saýtynda berilýän maglumata görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 09:00-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi.


Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 25,03%, Balkan welaýatynda 27,40%, Daşoguz welaýatynda 25,68%, Lebap welaýatynda 24,37%, Mary welaýatynda 24,64%, Aşgabat şäherinde 25,78% ses berdiler.


Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 58,20% saýlawçylar ses berdi.


Ses bermek dowam edýär