Turkmenportal logo
Düýn 10:30
37033703
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lotta Distribution kompaniýasy täze söwda wekilleri üçin halypa-mugallym wezipesine işgär gözleýär

Türkmenistanyň bazarynda 18 ýyldan bäri iş alyp barýan Lotta Distribution distribýutor kompaniýasy täze işe kabul edilýän söwda wekillerini uýgunlaşdyrmak we okatmak bilen meşgullanjak halypa-mugallym wezipesine hünärmen gözleýändigini habar berdi. Täze işgäriň esasy wezipesi täze işgärleriň işe tiz uýgunlaşmagyna, girdeji gazanyp başlamagyna ýardam bermekden hem-de ilkinji döwürde işgärleriň işden çykmagynyň öňüni almakdan ybarat bolar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, täze söwda wekilleri köplenç ilkinji hepdelerde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olarda köp sanly sowallar ýüze çykýar, özlerini goldawsyz duýýarlar we işe doly öwrenişip, girdeji gazanyp başlamazdan ozal kompaniýany terk edýärler. Täze döredilen iş ornunda göz öňünde tutulýan wezipe-borçlaryň maksady hut şu meseläni çözmekdir.

Halypa-mugallymyň borçlaryna täze işgärleri ilkinji günden başlap işe ugrukdyrmak — olary topar bilen tanyşdyrmakdan başlap ilkinji satuwa çenli goldaw bermek, şeýle hem satuw usullaryny, nägile bolýan müşderileriň garşylyklary bilen işleşmegiň tärlerini we korporatiw maksatnamalary öwretmek girýär. Mundan başga-da, ol topar bilen ýolbaşçylaryň arasynda arabaglanyşyk gurmak wezipesini ýerine ýetirip, işgärleriň pikirlerini hem tekliplerini toplap, iş bilen bagly kynçylyklary çözmäge ýardam eder hem-de toparyň iş gurşawyny has-da gowulandyrmaga gatnaşar. Iş diňe ofisde däl-de, eýsem söwda wekilleri bilen bilelikde söwda nokatlaryna yzygiderli saparlary amala aşyrmaklygy hem öz içine alýar.

Kompaniýa dalaşgärlere durnukly aýlyk we söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşyljak bonus – höweslendiriş ulgamyny hödürleýär. Şeýle hem işgärlere korporatiw goşundylary we gözegçilik ulgamlaryny ulanmak boýunça okuw geçiriler. HR ugrunda iş tejribesiniň bolmagy hökmany diýlip talap edilmeýär. Lotta Distribution ilkinji nobatda aragatnaşyga ukyply, maglumatlary düşnükli düşündirip bilýän we başgalaryň ösüşine hakykatdan-da gyzyklanýan adamy gözleýändigini belleýär. Satuw ulgamyndaky iş tejribesiniň bolmagy goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler lotta@lotta-tm.comelektron salgysyna hat iberip, +993 65 25 69 50 telefon belgisine jaň edip, suratdaky QR-kody skanirlemek ýa-da kompaniýanyň şu iş orunlary sahypasy arkaly: https://new.lotta-tm.com/careers ýüz tutup bilerler.