BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilip, onuň mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi. Bu barada daşary syýasa edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem ESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri ESCAP-yň doly hukukly agza döwleti bolup, statistika, ykdysady seljerme, energetika we ulag meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan ulag we ekologiýa ugurlarynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ESCAP-yň kararnamalarynyň awtory hökmünde hem çykyş edýär.
ESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gün tertibine sebitara hyzmatdaşlyk, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri girizildi. Şeýle hem durmuş ösüşi, daşky gurşaw, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, energetika, ulag, makroykdysady syýasat, ösüşi maliýeleşdirmek, söwda, maýa goýumlar, telekeçilik we işewürlik innowasiýalary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylym, tehnika we innowasiýalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPECA) gatnaşyjy döwletleriň Ministrler duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda SPECA sebitinde durnukly, netijeli hem-de ekologiýa taýdan amatly ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek maksady bilen utgaşdyrylan sebit hereketlerini öňe sürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine garаmak göz öňünde tutulýar.
Şunda üstaşyr ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagyna we “ýaşyl” özgertmelere, elektron söwdanyň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň baha dörediş zynjyrlaryna gatnaşygynyň giňeldilmegine, şeýle hem ulag, logistika we sanly söwda ugurlarynda adam maliýesiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler.