Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry
Teatryň salgysy: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 78-nji jaýy.
Teatryň telefon belgileri: kabulhana 94-09-58, kassa 94-09-74.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry (öňki Mollanepes adyndaky drama teatry) 1926-njy ýylyň güýzünde teatr studiýasyny tamamlanlaryň we çeper höwesjeňleriň hasabyna açyldy hem-de bu sungat ojagy türkmen professional teatrlarynyň kerwenbaşysydyr.
2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2006-njy ýylyň 10-njy iýunyndaky 93-nji buýrugy bilen «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýlip atlandyrylýar.
Teatryň bu täze binasynyň 1000 orunlyk uly sahnasy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemeklerine giňden ýardam berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda teatrda «Gala», «Oguz oýny», «Keseki», «Söýgi duralgasy», «Ýediň enesi», «Sallahlar» we başga-da onlarça oýunlar sahnalaşdyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygyň beren miwesini wasp etmekde, döwürdeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünliklerini açyp görkezmekde teatr uly işleri bitirýär. Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, dost-doganlygyň waspy öňe sürülýän esasy mowzuklardyr.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çeken zehinli artistler Aman Gurbandurdyýew, Oraz Arrykow, Rejep Hojagulyýew, Annamyrat Berdiýew, Ýelizaweta Garaýewa, Ata Alowow, Ýagşymyrat Akyýew dagylar Oraz Baýramowyň, Orazgül Abasowanyň, Welmyrat Amanowyň, Dursun Ahmedowanyň, Enejan Orazmyradowanyň we başga-da onlarça ussatlaryň ýüze çykmagyna ýol açdylar. Olar bu gün zehinli ýaşlar bilen egin-egne berip işleýärler we ýaşlara halypalyk edýärler.
Şu günki gün türkmen teatrlarynyň kerwenbaşysy bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda Gülälek Akmyradowa, Maýagül Annaýewa, Gülşat Tahyrowa, Batyr Çaryýew, Azat Didarow, Täçmämmet Amangulyýew ýaly zehinli ýaşlaryň ençemesi zähmet çekýärler.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde teatrda birnäçe sahna eserleri sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ýetirildi. Olardan B.Bäşimowyň «Sallahlar», B.Mämmedowyň «Juwan kalbym joşanda», G.Jumaýewiň «Saňa ýalan — maňa çyn», G.Stepanskiniň «Söýgi hem mekirlik», B.Suhanowyň «Nirede sen, başky söýgim?», A.Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy», N.Rejebowyň «Hazyna», «Sahawat derýasy», W.Şekspiriň «Romeo we Julýetta», A.Wampilowyň «Myhmanhanada», A.Kömekow we A.Ahmedowyň «Sakawyň soňuna seret», K.Aşyrowyň «Dowamat-dowam» ýaly sahna oýunlaryny we başga-da birnäçe sahna eserlerini görkezmek bolar.
Teatryň döredijilik geriminiň giňligini bilmek üçin onuň soňky ýyllardaky repertuaryna göz aýlap görmek ýeterlikdir. Olaryň hemmesini barmak büküp sanardan köp, eýsem-de bolsa olaryň birnäçesiniň atlaryny agzap geçmek zerur: W. Şekspiriň «Romeo we Julýetta», «Gorkut ata» şadessany, Reşideddiniň, Salyr Babanyň, Abylgazynyň, Andalybyň eserleri boýunça ýazylan «Dowamat-dowam», A.Wolodin bilen K.Aşyrowyň «Täsin söýgi», «Göroglynyň öýlenişi», hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň romany esasynda döredilen «Döwlet guşy», «Bagt kenarynda», S.Ahmediň «Gelinler», A.Wampilowyň «Myhmanhanada», N.Rejebowyň «Dessembil» şeýle hem «Göroglynyň öýlenişi», «Täze ýylyň täsinlikler dünýäsi», «Bagt kenarynda», «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», «Däli Domrul», «Hindi rowaýaty» ýaly spektakllaryň atlaryny buýsanç bilen ýatlamak bolar. Bu sahna eserlerinde geljege tarap batly gadamlar bilen barýan Beýik Garaşsyzlyk zamanamyzda amala aşýan galkynyşly milli ruhumyzyň täze belentliklere galşy ýokary çeperçilik taýdan beýan edilýär. Bellemeli tarapy, ol spektakllar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn söýgi bilen kabul edilip, teatryň sahna zaly dolýar, bir görenler ýene-ýene gaýtalap tomaşa edýärler. Ýene-de bir guwançly tarapy spektakllaryň dowamynda has täsirli ýerlerinde el çarpyşmalar ýaňlanyp durýar, alkyşly sözler aýdylýar.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň