Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry

0
172291
Salgysy:
г. Ашгабат, проспект Махтумкули, 76
Telefon belgiňiz:
94-19-70, касса 94-17-94, 94-04-07.
Soňky täzelenme:

Teatryň salgysy: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 76-njy jaýy. 

Teatryň telefon belgileri: kabulhana 94-19-70, kassa 94-17-94, 94-04-07.


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr sungatyny has-da ösdürmek, mähriban Watanymyzda gazanylýan ösüşleri, üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýaş nesillere ata-babalarymyzyň gymmatly medeni mirasyna, ruhy baýlygyna hormat goýmak ruhunda terbiýe bermegiň derejesini ýokarlandyrmak, tomaşaçylarda uly täsir galdyrýan kämil sahna eserleriniň döredilmegi hem-de geljekde milli teatr sungatymyzy has-da ösdürjek zehinli artistleri ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri döretmek, «Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamamyzda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli amala aşyrmagyny gazanmak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2007-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry açyldy. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geljegi bolan ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek meselesine aýratyn uly üns berýär. Ýaşlaryň beden hem ruh taýdan sagdyn, Watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzda ähli şertler döredildi. Ýaşlara terbiýe bermek işinde Medeniýete, sungata, aýratyn hem teatr sungatyna uly orun degişli.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry gönüden-göni Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň talyplary bilen ýakyndan işleşýärler. 

Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyplary teatrda dürli görnüşli spektakllar goýup halka hyzmat edip gelýärler. Teatryň tomaşaçylar zaly iki gatdan ybarat bolup, 641 tomaşaça niýetlenendir. Teatrda taýýarlyk geçmek üçin ýörite otag, tansçylar üçin tans zaly bar. Mollanepes adyndaky talyplar teatry döredilen döwründen bäri gysga wagtda ençeme ajaýyp spektakllary sahnalaşdyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. 

Teatryň goýýan oýunlarynyň gozgaýan, ündeýän pikirleri halkyň göwnünden turýar. Watany söýmek, zähmeti söýmek, dostluk, edeplilik, ula hormat goýmak, ynsanperwerlik teatryň sahnasynda goýulýan oýunlaryň içinden eriş – argaç bolup geçýär. 

Teatr hemişe watansöýüjiligi, parahatlygy, agzybirligi, asudalygy, wepadarlygy, zähmetsöýerligi wasp edýär. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatr sungatyny ösdürmekde uly işler bitirýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimizi ösdürmekde däp-dessurlarymyzy milli sungatymyzy gaýtadan dikeltmek boýunça berýän görkezmeler we maslahatlary medeniýetimiziň gaýtadan pajarlamagy üçin uly goltgy boldy.

Dürli ýyllarda «Bagtyýarlygyň şapagy», «Kabyl bilen Habyl», «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», «Galkynan göwünler», «Toý», «Hindi söýgüsi», «Nusaýda», «Bir bakyşda söýen ýarym», «Mollanepes», «Älemgoşarly tomus», «Söýginiň güýji», «Juwan kalbym joşanda», «Durna umydy», «Wah, gara gözler», «Ýediniň enesi», “Lir”, “Çynym aýtsam bara”, “Kämillige ýol açan döwür” ýaly onlarça sahna eserleri sahnalaşdyrylyp, Mollanepes adyndaky talyplar teatry tomaşaçylaryň uly höwes bilen gelýän medeni ojaklarynyň birine öwrüldi.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler