Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

17:3119.03.2025
0
17858

Türkmenistanyň prezidenti Halkara sergiler býurosynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy, türkmen halkynyň Milli Mideri Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, Türkmenistan 2025-nji ýylda 11,5 milliard dollar maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunda Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň hem netijeli häsiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bütindünýä ykdysady işinde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmakda halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/89072/prezident-turkmenistana-obsudil-sotrudnichestvo-s-glavoi-mezhdunarodnogo-byuro-vystavok

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de parlamentarileriň döwletara dialogy ösdürmekde esasy ornuny bellediler. Bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi.

https://turkmenportal.com/blog/89073/gurbanguly-berdymuhamedov-provel-telefonnyi-razgovor-s-valentinoi-matvienko

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýanyň wekiliýetini şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek» atly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/89074/29-marta-v-turkmenistane-proidet-forum-po-razvitiyu-mezhdunarodnoi-deyatelnosti-vo-imya-detei

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda öz işine başlan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylary gutlady. Forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. «Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda bu maslahatyň ähmiýeti örän uludyr» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89076/prezident-turkmenistana-pozdravil-uchastnikov-mezhdunarodnoi-konferencii

5. Türkmenistanda 2024-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça meýilnama 110 göterim ýerine ýetirilip, bu ugurda 11 milliard amerikan dollary özleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary P.Ýagşyýew «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýum çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi. Bellenilmegine görä, Türkmenistanyň hökümeti 2025-nji ýylda çekiljek maýa goýumlaryň möçberini 11,5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär. Meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň 65,6 göterimi önümçilik maksatly taslamalara gönükdiriler. Şeýle-de, umumy maýa goýumlaryň 32,9 göterimi hususy pudak arkaly özleşdiriler, 9,7 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylar.

https://turkmenportal.com/blog/89065/v-2025-godu-turkmenistan-planiruet-privlech-115-mlrd-investicii

6. Şu günler Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan halkara moda görkezilişi geçirilýär. Onda daşary ýurtly dizaýnerler we ýerli moda öýleri özleriniň iň gowy toplumlaryny hödürleýärler. Fransiýanyň meşhur «Claude Patrick» moda öýüniň esaslandyryjysy we baş dizaýneri Klod Patrik (Claude Patrick) hem «prêt-à-porter» görnüşli egin-eşik toplumyny görkezdi. Toplum inçelik bilen taýýarlanylan iş eşiklerini we agşamky lybaslary öz içine alýar.

https://turkmenportal.com/blog/89078/osnovatel-modnogo-doma-claude-patrick-predstavil-svoyu-kollekciyu-v-ashhabade

Dünýäde

1. Ýyllyk girdejisi 200 müň dollardan pes bolan maşgalalardan bolan talyplar Garwardda töleglerden doly boşadylar. Goldaw maksatnamasynda talybyň maşgalasynyň maddy ýagdaýyna baglylykda, dürli derejeli kömek bermek göz öňünde tutulýar. Maşgalalary ýylda 100 müň dollardan az gazanýan talyplary uniwersitet diňe bir mugt okuw bilen üpjün etmän, eýsem, ýaşaýyş çykdajylaryny, saglyk ätiýaçlandyryşyny we öý bilen uniwersitet şäherçesiniň arasyndaky ulag çykdajylaryny hem tölär. Täze başlangyç 2025-nji ýylyň tomsunda güýje girer we bakalawriat maksatnamalary boýunça okuw kabul ediljek dalaşgärlere degişli bolar. Häzirki wagtda Garward kollejinde okuwyň bahasy okuw ýyly üçin 56 müň dollardan geçýär. Ýaşaýyş jaýy, iýmit we beýleki çykdajylar bilen birlikde, umumy töleg takmynan 83 müň dollara ýetýär.

https://turkmenportal.com/blog/89052/garvard-budet-besplatno-obuchat-studentov-iz-semei-so-srednegodovym-dohodom-do-200-tysyach

2. Günorta Awstraliýanyň kenarlarynda ýüzden gowrak sýorfer ýerli kenarlarda peýda bolan syrly köpük bilen galtaşandan soň ejir çekdi. Bu hadysa deňiz ýaşaýjylarynyň köpüsiniň, şol sanda balyklaryň we osminoglaryň ölümine sebäp boldy. Ýerli ýolbaşçylar Weýtping we Parsons kenarlaryny ýapmaga mejbur boldular. Deslapky maglumata görä, adatdan daşary ýokary temperatura, durgun suw şertleri we sebitde dowam eden uzak yssy howa netijesinde mikrosuwotularyň güllemegi bilen adaty bolmadyk köpük emele gelip biler. Hapalanan suw bilen gatnaşykda bolan sýorferler saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny habar berdiler. Kesel alamatlarynyň arasynda görüşiň peselmegi, gözüň gyjynmagy, üsgülewük we dem almakda kynçylyklar bar.

https://turkmenportal.com/blog/89048/v-avstralii-bolee-100-serferov-zaboleli-izza-strannoi-peny

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy täzelik girizmek bilen Gran Pri ýaryşlarynyň täze tapgyryny esaslandyrdy — ol oýunlary hakyky wagt düzgüninde onlaýn ýaýlyma bermegi ýola goýdy. Bu tapgyr Türkmenistanyň we paýtagtyň bäş sebitinde geçiriljek nusgawy formatdaky alty ýaryşdan ybarat bolar. Tutuş tapgyryň netijelerine görä, paýtagtda pleý-off ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşjak her dereje boýunça 16 sany iň gowy oýunçy kesgitlener. Ýeňiş gazanan küştçiler halkara ýaryşlary üçin milli ýygyndymyzyň esasyny düzjek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Ýokary ligasyna gönümel ýollanma alarlar. Ýaryşyň esasy aýratynlygy, Türkmenistanyň küşt taryhynda ilkinji onlaýn ýaýlym berilmegi boldy. Küşt mallarynda we tagtalarynda ýörite sensorlaryň bolmagy bilen, küşt tagtasyndaky her bir hereket dessine sanlylaşdyrylýar we DGT LiveChess programmasy arkaly onlaýn platformalara iberilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89080/v-turkmenistane-vpervye-zapushchena-onlaintranslyaciya-shahmatnogo-turnira

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň