29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:2829.03.2024
0
10443

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar, Türkmenistan halkara metbugat maslahatyna dünýäniň öňdebaryjy KHBS-ni ýygnady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Eýranyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Tähranyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Eýranyň ýurduň iň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi.

2. Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar.

3. Aşgabatda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Bu çäre Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata köp sanly ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňliginiň barha artýandygyny bellediler. Forum ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we ýurduň dünýäniň maglumatlar giňişligine goşulyşmagynda möhüm ädim boldy.

4. Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki halkyň taryhy-medeni köklerini umumylyklaryň birleşdirýändigini belledi. Söhbetdeşler taraplaryň ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky maksatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sergileri we işewürlik maslahatlaryny geçirmäge aýratyn üns berildi.

5. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Monrealdaky Kanadanyň Ýokary işewürlik mekdebiniň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk fakultetiniň professory, doktor Jawad Mottagi bilen žurnalistika hünäriniň talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Professor geljekki žurnalistler bilen metbugatyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy.

Dünýäde

6. Fu Szaý atly alty aýlyk güjük Hytaý polisiýa gullugynda işe başlady we bu wezipäni eýelän ilkinji korgi tohumly it boldy. Aýaklarynyň gysgadygyna garamazdan, ýaş «polosiýa işgäri» taýýarlyk wagtynda ajaýyp netijeleri görkezdi. Fu Szaý gullugyny Weýfan şäherindäki polisiýa bölüminiň açylan güni başlady. Ol diňe bir uzyn aýakly itleriň däl-de, beýlekileriň hem hukuk goraýjy edaralarda üstünlikli işläp biljekdigini subut etdi. Güýjük boýun egmegi, bombany gözlemegi we ys tapmagyň dürli usullaryny öwrenip, beýleki itler bilen bilelikde yhlasly türgenleşdi. Taýýarlygyny doly tamamlandan soň, korgi tohumly it resmi taýdan wezipä bellener we anyk işleri ýerine ýetirer.

7. ABŞ-da ýurduň taryhynda sekizinji iň uly möçberli lotereýa baýragy gazanyldy. «Mega Millions» lotereýasynyň 1,13 milliard dollarlyk baýrakly petegi Nýu Jersi ştatynda satyldy. «Mega Millions-da» alty sany sanyň ählisini dogry çaklap ýeňiş gazanmagyň ähtimallygy 302,6 millionda 1-e deňdir. Dogrusy, federal girdeji salgydynyň salynmagy netijesinde, gazanylan pul baýragynyň möçberi ep-esli azalyp, takmynan, 540 million dollara deň bolar.

Sport habarlary

8. Täze «akylly» Arkadag şäheriniň futbolçylary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň oýnunda öz meýdançalarynda Änew şäheriniň «Ahal» toparyna garşy oýnarlar. Duşuşyk 30-njy martda «Arkadag» stadionynda geçiriler. «Arkadag» bilen «Ahalyň» arasyndaky oýun ýerli wagt bilen 17:00-da başlar. Duşuşyga Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik eder.

9. Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggerti Aşgabatda saparda bolanda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine we ýurtda tennisiň ösüşiniň geljegine ýokary baha berdi. Tennis infrastrukturasynyň ýokary derejesini, tennis meýdançalarynyň, tälimçileriň we oýunçylaryň bardygyny belläp, mundan beýläkki ösüş üçin indiki ädim ätmegiň zerurdygyny aýtdy. «Olimpiýa şäherçesinde tennis üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Şeýle ajaýyp sport desgalarynyň binýadynda diňe bir tennisiň ýurduň içindäki ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň dünýä derejesinde meşhurlygyny artdyrmek üçin halkara ýaryşlaryny hem geçirip boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Haggerti «Turkmenportal-yň» habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň