Top.Mail.Ru

Hytaý Türkmenistany «Ýüpek ýoly» halkara medeni sergisine çagyrdy

20:3305.08.2023
1
48087

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça okgunly ösýändigini belledi.

Taraplar Türkmenistanyň bilen Gansu welaýaty arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Bu ugurda Gansu welaýatynda ýerleşýän Lançžou we Aşgabat şäherleriniň doganlaşan gatnaşyklarynyň ähmiýeti belellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, wajyp ugurlaryň biri medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan medeniýet, bilim, ylym ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem hytaý dilini öwrenmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar syýasaty pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.

Şeýle hem, Hytaý tarapy Türkmenistany şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabr aralygynda Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriljek «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý prowinsiýa komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Hytaý wekiliýeti saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şeýle-de Türkmenistanyň Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda Türkmen halysynyň milli muzeýine, täze Arkadag şäherine we Halkara atçylyk toplumyna baryp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň