Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý prowinsiýa komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi nygtaldy.
Taraplar abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça taraplaryň meňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlaryny beýan edýändikleri hem nygtaldy.
Iki ýurduň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.
R.Meredowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlygy ol hem Döwlet Baştutanlary derejesinde işjeň dialogyň saklanýandygyndadyr, şeýle gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, parlament diplomatiýasynyň uly ähmiýeti tassyklanyldy, şonuň bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky üstünlikli gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan parlamentara hem-de partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüşini bellediler we bu ugurda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçidiler. Şu nukdaýnazardan, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.
Taraplar bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hem pikir alşyldy.