Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý welaýatynyň komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda bolýar.
Myhmanlar saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan duşuşyga gatnaşdylar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Türkmenistanyň Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý welaýatynyň komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara hem-de partiýalarayň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde partiýalaryň özara gatnaşyklarynyň wajyp orny bellenildi.
Soňra bu ýerde guralan duşuşygyň esasy maksady boýunça çykyşlara orun berildi. Esasy maksat bolsa geçen ýylyň oktýabr aýynda Pekinde geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýynyň netijeleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.