Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň wekiliýeti üçin Aşgabatdaky muzeýe we Arkadag şäherine gezelençler guraldy

12:2701.08.2023
0
43355

Türkmenistana saparda bolan Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy.

Wekiliýetiň agzalary täze Arkadag şäheri bilen hem tanyşdylar. Tanyşlygyň dowamynda şäheriň gurluşygynda ulanylan innowasiýa tehnologiýalary barada jikme-jik maglumat berildi.

Halkara habarlar merkeziniň habaryna görä, soňra myhmanlar Halkara atçylyk toplumyna baryp gördüler. Myhmanlar bu ýerde ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine syn etmäge mümkinçilik aldylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň