Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen «ÝB – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenabatda mugallymçylyk instituty üçin täze binalar toplumy gurlar, Ak Bugdaý etrabynyň daýhan birleşiginde galla oragyna badalga berildi we beýleki habarlar

11:4515.06.2023
0
32836

Türkmenistanda

1. Ilçi Batyr Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleriň we global durnuklylygyň möhüm meseleleri boýunça öz ýurtlarynyň garaýyşlaryny beýan etdiler, hususan-da, umumy howpsuzlyk meseleleri barada, şol sanda döwletleriň milli, sebit we halkara derejelerinde tagallalarynyň netijeli utgaşmagy arkaly howpsuzlygy talap edýän Owganystandaky ýagdaý barada pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu ýylyň güýzünde geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki ministrler duşuşygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

2. Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty üçin täze binalar toplumy gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu resminama Bilim ministrligine «Nahal» hojalyk jemgyýeti bilen 5000 orunlyk binalar toplumyny taslamasyny düzmek şertinde şertnama baglaşmaga ygtyýar berýär.

3. Ýakynda Türkmenistanda geçirilen mental arifmetikasy boýunça ikinji Olimpiadanyň dowamynda Ogulmaral Altyýewa yzly-yzyna üç ugur boýunça milli rekord goýdy we «Speed Flash Anzan», «Fastest Mental Addition» we «Flash Anzan» derejelerinde üç altyn medal gazandy.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine şu gün 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

5. Çarşenbe güni Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ak Bugdaý etrabynda tejribe-tohumçylyk daýhan birleşigine bardy we şol ýerde galla oragyna badalga berdi.

Dünýäde

6. «T'way Air» awiakompaniýasy Seuldan Bişkek şäherine dowamly gatnawyň ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Täze ýolagçy gatnaw ugry Gyrgyzystan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşmalydyr. Ýurtlaryň arasyndaky göni uçuşlar ykdysadyýetde we haryt hem-de hyzmatlar dolanyşygynda täze mümkinçilikleri açar. Uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar. Uçarlar ýekşenbe günleri Seuldan, duşenbe günleri bolsa Bişkekden ugrar. Bu ugry hepdede üç gezege çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

7. Russiýanyň birnäçe restoran zynjyrlary GDA ýurtlarynda şahamçalaryny açmagy meýilleşdirýärler. Olaryň arasynda «Şokoladçy gyz» («Шоколадница»), «Et we balyk» («Мясо и рыба»), «Ýakitoriýa» we beýlekiler bar. Ilkinji restoranlary 2023–2024-nji ýyllarda Özbegistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlarynda açmak meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

8. Daşkende geçirilen CAFA Milletler Kubogy-2023 çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň esasy güýçli toparlaryň biri hasaplanýan Özbegistanyň milli ýygyndysyndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Ýeňilendigine garamazdan, Mergen Orazowyň şägirtleri toparçalaýyn tapgyry ikinji orunda tamamlamak mümkinçiliklerini ýitirmediler, bu bolsa olara ýaryşyň bürünç medallary ugrunda duşuşyga gatnaşmaga hukuk berýär.

9. «Altyn asyr» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy-2023 çempionatynyň jemleýji tapgyrynda «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş netijesinde Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 15 utuk toplap, ýaryşyň altyn medallaryna eýe boldular. «Merw» we «Şagadam» TFF-niň kubogynda degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

10. Türkmen küştçüleriniň topary Batumide geçirilen dünýä birinjiliginden bürünç medal bilen Aşgabada dolandylar. Alty günüň dowamynda 35 ýurtdan 500 töweregi gatnaşyjy 8-den 18 ýaş aralygyndaky ýaş derejelerinde rapid we blis görnüşleri boýunça medallar ugrunda göreşdiler. Dünýä birinjiliginde Türkmenistana ýurduň iň gowy 12 küştçisi wekilçilik etdi.

11. Türkmen samboçylary Astanada geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 26 medal gazandylar. Bäsleşige 22 ýurtdan 500 töweregi türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri söweş sambosynda hem, ýetginjekleriň arasynda(18 ýaşa çenli), erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambonyň sport görnüşinde hem tapawutlanyp, jemi 3 altyn, 7 kümüş we 16 bürünç medal gazandylar.

12. Türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow Bişkekde geçirilen 17 ýaşa çenli harby okuwçylaryň arasynda erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. 71 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orny eýelän türkmen türgeni mongoliýaly pälwan Bilguundalai Purewdagwany 10:0 hasabynda ýeňdi. Döwletgeldi Myradow Bişkekde geçirilen 17 ýaşa çenli harby okuwçylaryň arasynda erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin ikinji bürünç medal gazandy. 80 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal ugrundaky göreşde türkmen pälwan Nurassyla Ýerassyly (Gazagystan) 5:0 hasabynda ýeňdi. Ýaşlaryň we harby okuwçylaryň arasynda göreş boýunça Aziýa çempionaty 18-nji iýunda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň