Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Merwi» utup, TFF-niň kubogyna mynasyp boldy

09:2015.06.2023
0
26714

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary 5-nji tapgyryň duşuşygynda Marynyň «Merwini» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna mynasyp boldy. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bäş duşuşygyň hiç birinde-de utuk ýitirmän, 15 utuk bilen altyn medalyň eýesi boldular.

Ýaryşda ikinji orny «Merw», üçünji orny bolsa «Şagadam» eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 6 ― 14-nji iýun aralygynda geçirilendigini ýatladýarys. Oňa alty topar gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň