«Ak Ýol» toý zaly toý dabaralaryny sargyt edýän müşderilere ýetirýän sowgatlarynyň hataryny artdyrýar. Indi bu ýerde süýjülik tortundan, lazer şowundan, bäş ýyldyz myhmanhananyň nomerinden, «Lincoln» awtoulagyndan başga-da meşhur aýdymçy zenanyň hem-de görnükli alypbaryjynyň çykyşy sowgat hökmünde ýetirilýär. Bellesek, bular ýaşlar üçin berilýän sowgatlaryň ählisi däldir.
Toý dabarasyny üstünlikli hem-de göwnejaý görnüşde geçirmek üçin «Ak Ýol» toý mekanynda ähli mümkinçilikler bar: oýlanyşykly we sazlaşykly bezelen zal, datly tagamlar, hünärmenleriň talabalaýyk we medeniýetli hyzmaty hem-de toý mekanynyň adyndan ýetirilýän sowgatlar.
Bulardan başga-da, toý mekanynyň tölegini garaşaryna, möhletleýin töleg geçirmek şerti bilen 3 ýyllyk möhletine alyp bolýar. Ony ýola goýmak üçin bolsa şu resminamalar gerek bolýar:
- Öýlenýän ýigidiň hem-de durmuşa çykýan gyzyň pasportynyň nusgasy;
- Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnama;
- Işleýän ýeriňden kepilnama;
- Zähmet depderçeleriniň nusgalary;
- Girew üçin gerek bolan resminamalaryň toplumy.
«Ak Ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.
Habarlaşmak üçin:
- Sosial media ulgamyndaky sahypasy;
- Telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.
Şeýle-de okaň: