Türkmenistan we Russiýa täze parlamentara şertnamalaryna gol çekerler, 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler, 28 – 30-njy iýun aralygynda Milli Gurban baýramy belleniler we beýleki habarlar

11:2727.05.2023
0
46613

Türkmenistanda

1. Türkmenistan we Russiýa iki ýurduň parlamentleriniň arasynda täze şertnama gol çekmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägozel Gulmanowa bilen duşuşygynda belläp geçdi. Duşuşyk Sankt-Peterburgda geçirilen X Newa halkara ekologiýa kongresiniň çäklerinde geçirildi. Matwiýenko kärdeşini 2024-nji ýylyň güýzünde geçiriljek dördünji Ýewraziýa zenanlar forumyna, şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 16-17-nji noýabrda Bişkekde geçiriljek göçme mejlisine gatnaşmaga çagyrdy. Ýatlatsak, 2022-nji ýylda Türkmenistan we Russiýa Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekipdiler.

2. 2-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berler. Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary ilkinji bolup bugdaý hasylyny ýygmaga girişerler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa galla oragy 9-njy iýunda başlanar.

3. Öňümizdäki aýda Hazar deňziniň kenarynda – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda festiwal, şeýle hem «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Mährijemal Mämmedowa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Festiwala köp ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlary gatnaşmaga isleg bildirdiler.

4. 3-nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni belleniler. Asylly däbe görä, şol gün ýurduň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçiriler. Bütindünýä welosiped güni 2018-nji ýylyň aprelinde BMG Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredildi.

5. 28 – 30-njy iýun aralygynda Türkmenistanda milli baýram – Gurban baýramy belleniler. Yslamyň esasy iki baýramynyň biri bolan Gurban baýramy beýleki möhüm baýramçylykdan – Oraza baýramyndan 70 gün soň bellenilýär. Bu baýramyň Türkmenistanda bellenlýän günleri iş güni däl diýlip yglan edilýär.

6. 28-nji maýda Sankt-Peterburgdaky Russiýanyň etnografiýa muzeýinde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan «Haly dünýäsi» atly giň gerimli çäre geçiriler. Muzeýiň işgärleri Türkmenistanyň halylary we haly önümleri barada ýörite çykyş meýilnamasyny we tanyşlyk gezelençlerini taýýarladylar. Mundan başga-da, muzeýe gelýänlere «Dokma dokamak» boýunça ussatlyk sapagy hödürlener, bu ýerde her kim özüni dokmaçy hökmünde synap biler, dokmaçylygyň dürli usullary bilen tanşyp biler we kitaplar üçin öz belliklerini döredip biler.

Dünýäde

7. Nepalyň ýaşaýjysy dyzyndan ýokarysy kesilen aýaklary bilen Ewerest dagyna çykmagy başaran dünýädäki ilkinji adam boldy. 43 ýaşly Hari Budha Magar protezleri bilen Ewerestiň başgaça atlandyrylyşy ýaly, «dünýäniň depesine» çykdy. Ol 2010-njy ýylda harby gulluk wagtynda aýaklaryny ýitiripdir. Ol Ewereste çykmak bilen beýleki adamlary ruhlandyrmagy göz öňünde tutýar.

8. Hytaýda ýerli «BOE» kompaniýasy tarapyndan öndürilen ilkinji 16K durulykly telewizor tanyşdyryldy. Kompaniýanyň «Display Week 2023-de» hödürlenen täze önümi 16K durulyk paneli bolan dünýädäki ilkinji telewizordyr. Täze telewizoryň matrisasy 132 megapiksel durulyga eýedir. Bu 4K durulykdan 16 esse, Full HD ölçeginden 64 esse köpdür. Kompaniýanyň wekilleri täze telewizoryň bahasyny we sarp ediş bazaryna girjek wagtyny heniz mälim etmediler.

Sport habarlary

9. «Arkadag», futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyny «Ahaldan» 5:2 hasabynda üstün çykmak bilen tamamlady. «Arkadagyň» futbolçylary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji aýlawyny heniz ätiýaçda bir oýunlary bolan «Altyn asyrdan» (14) we «Köpetdagdan» (14) 10 utuk öňde sanawyň birinji hatarynda ynamly tamamlaýarlar. «Ahalyň» düzümi üç utuk toplap, dokuzynjy orunda galdy.

10. Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasynyň duşuşyklary 2024-nji ýylda Gyrgyzystanda geçiriler. Bu çözgüt şu günler Finlýandiýada geçirilýän Halkara hokkeý federasiýasynyň her ýylky Kongresiniň netijeleri boýunça mälim boldy. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Meksikanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Taýlandyň, Lýuksemburgyň we Gyrgyzystanyň toparlary bilen ikinji diwiziona çykmak ugurnda bäsleşer. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 10 – 16-njy marty aralygynda Bişkekde geçiriler. Ýatlatsak, aprel aýynda tamamlanan «A» toparçanyň üçünji diwizionynda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri kümüş medala mynasyp boldular. Ýaryş Günorta Afrika Respublikasynda geçirildi.

11. Aşgabatda şäheriň gününe we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleri geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda 60-a golaý adamyň gatnaşmagynda 5 km, 10 km, 15 km we 20 km aralyga ylgaw ýaryşlary, ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Kiçi futbol boýunça ýaryşda Olimpiýa ätiýaçlygy boýunça çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň «Diýar» topary ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň