TÝL ― 2023: «Arkadag» futbol topary birinji aýlawdaky jemleýji duşuşygynda «Ahaly» uly hasap bilen ýeňdi

22:5026.05.2023
0
31033

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda “Arkadag” hem-de “Ahal” toparlary duşuşdylar. Paýtagtdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Arkadag” topary 5:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu barada TFF habar berýär.

Gazanan bu ýeňşinden soň 24 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 3 utugy bolan “Ahal” topary 8-nji orunda barýar.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyry 27-nji maýda geçirilip, onda “Aşgabat” – “Köpetdag”, “Nebitçi” – “Merw” hem-de “Energetik” – “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.

9-njy tapgyryň duşuşygy:

“Arkadag” – “Ahal” – 5:2

Gollar: 23 (11 m.j.u.), 52, 78 Didar Durdyýew, 28 Begmyrat Baýow, 57 Ybraýym Mämmedow (“Arkadag”) – 39 Meýlis Diniýew, 59 Begenç Mämiýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 20 Ybraýym Mämmedow, 74 Meýlis Durdyýew (“Arkadag”) – 15 Ata Geldiýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Mary ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Arkadag» 8 8 0 0 31-7 24
2. «Altyn Asyr» 7 4 2 1 13-4 14
3. «Köpetdag» 7 4 2 1 10-9 14
4. «Nebitçi» 7 4 1 2 9-8 13
5. «Aşgabat» 7 3 0 4 9-11 9
6. «Şagadam» 8 2 1 5 6-15 7
7. «Energetik» 7 2 0 5 3-12 6
8. «Merw» 7 1 2 4 6-11 5
9. «Ahal» 8 1 0 7 5-15 3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň