Türkmenistanyň mekdeplerinde iň soňky jaň kakyldy, Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergi dowam edýär, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet günleri üçin Ýerewana ugrar we beýleki habarlar

11:2925.05.2023
0
27783

Türkmenistanda

1. Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin «Soňky jaň» kakyldy. Ýurduň ähli künjeklerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamynyň işgärlerini we uçurymlary «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady.

2. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara serginiň işi dowam edýär. Şerginiň çäklerinide Türkmenistanyň öňdebaryjy pudaklaýyn kärhanalary, telekeçileri we Aşgabatda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler. Serginiň diwarlyklarynda gurluşyk we binagärlik, energetika, gaýtadan işlenilýän senagat, şäher desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlarda gazanylan üstünlikler şöhlelendirilýär.

3. 2023-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Ýerewana wekiliýet iberiler. Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, döredijilik duşuşyklary, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi, iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler.

4. Aşgabat şäheriniň häkimligi «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze desgalaryň gurluşygyna girişer. Bu ýerde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan, inženerçilik kommunikasiýalary we ýollary bolan 23 sany döwrebap dokuz gatly ýaşaýyş jaýy, 720 orunlyk orta mekdep we seýilgäh gurlar. Häkimligiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýaşaýyş toplumynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan etdi.

Dünýäde

5. Rok-n-rollyň ady rowaýata öwrülen wekili, ХХ asyryň parlak ýyldyzlarynyň we iň ajaýyp aýdymçylarynyň biri Tina Terner 84 ýaşynda aradan çykdy. Soňky ýyllarda aýdymçynyň onkologiýa we böwrek ýetmezçiligi bilen uzak wagtlap göreşendigi we 2013-nji ýylda insult geçirendigi mälimdir. Tina Terneriň aýdymçylyk karýerasy 60 ýyl ozal başlandy. Aýdymçy «Gremmi» baýragyna sekiz gezek mynasyp boldy we 1991-nji we 2021-nji ýyllarda iki gezek «Rok-n-rollyň şöhrat zalyna» girizildi.

6. Gazagystanyň muzeýleri sanlylaşdyrylar, şeýle hem wirtual gezelençler üçin 3D-syýahatçylygy döretmek meýilleşdirilýär. Geçen hepde Astanyň Milli muzeýinde geçirilen «Muzeýler gijesi» paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň, şol sanda daşary ýurtlularyň köp sanlysyny özüne çekdi. Gazagystanyň ýaşaýjylarynyň arasynda muzeýleriň meşhurlygyny ýokarlandyrmak üçin ýadygärlik sowgatlaryň satuwy guralýar. Şeýle hem muzeýleriň meýdançalaryny bäsleşikli söwdalary (auksionlary), amaly-haşam sungatynyň sergilerini geçirmek, hyzmatdaşlyk çärelerini (koworking) guramak üçin peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Sport habarlary

7. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda 10 pökgi geçirildi, 19 sary we 1 gyzyl duýduryş görkezildi. Iň netijeli duşuşyk Türkmenbaşyda «Şagadam» bilen «Aşgabadyň» arasynda geçirildi – 3:2. «Arkadag» oýnuň birinji ýarymda 0:1 hasabynda ýeňilýärkä, gaýtadan güýjüni toplap, «Altyn asyrdan» üstün çykmagy başardy (2:1). «Energetik» myhmançylyk derbisinde goşmaça wagtda geçiren pökgüsi bilen «Merwden» (1:0) üstün çykdy, «Köpetdag» «Nebitçi» bilen geçiren duşuşygynda strategiki ýeňiş gazandy – 1:0. Sekiz tapgyryň netijelerine görä, «Arkadag» 21 utuk toplady we onuň yzyndaky topardan aratapawudy 7 utuga çykdy.

8. «Kitçi» futbol toparynyň düzüminde çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň premýer-ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Mingazow 2022-nji ýylyň martynda «Kitçi» toparyna erkin agent hukugy bilen goşuldy we futbol boýunça Gonkongyň çempionatynda çykyş edýän ilkinji türkmen futbolçy boldy. 31 ýaşly oýunçy häzirki wagta çenli Gonkongyň çempionatynda 18 duşuşyk geçirip, 17 gol geçirmegi başardy. Bu möwsümde Mingazow «Kitçi» bilen bilelikde Gonkongyň Kubogyny aldy, ýurduň çempiony we «Gonkong Senýor Şild» baýragynyň eýesi boldy.

9. «Inter» Italiýanyň Kubogynyň finalynda «Fiorentinadan» üstün çykdy. Duşuşyk çarşenbe güni Rimdäki Olimpiýa stadionynda geçirildi we Milanyň klubynyň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. «Inter» yzly-yzyna ikinji gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy, geçen ýylky ýaryşyň finalynda topar goşmaça wagtda Turiniň «Ýuwentusyny» 4:2 hasabynda ýeňipdi. Bu möwsümde «Interiň» futbolçylarynyň Çempionlar ligasynyň finalynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi hem bar. Simone Indzaginiň topary 10-njy iýunda Stambulda «Mançester Siti» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň