Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen we daşary ýurtly telekeçiler gatnaşdylar. Olar ilki bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny diňlediler.
Soňra Söwda-senagat edarasynyň giň sergi bölümlerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi: aýdym-sazlar ýaňlandy, halk tanslary ýerine ýetirildi, milli lybasdaky gyzlar gelýänlere duz-tagam hödürlediler.
Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, Türkmenistanyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de onuň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler.
Bu gözden geçiriliş ýurduň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.
Nobatdaky sergä Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler. Bu ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde — surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapýar.