Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin ýurda girmegiň düzgünlerini ýeňilleşdirdi, Raşid Meredow zähmet rugsadyna çykdy, Türkmenistanda Bütindünýä temmäkisiz gününe bagyşlanan biraýlyk badalga aldy we beýleki habarlar

11:4502.05.2023
0
38978

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň her ýylky esasy rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň üstüne ýükledi.

2. Türkmenistandan Hytaýa gelýän ýolagçylara COVID-19 üçin hökmany PSR-barlagynyň ýerine antigen barlagyny geçmäge rugsat berildi. Degişli bildiriş HHR-niň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan resmi saýtynda ýerleşdirildi. Düzgüne laýyklykda, ýolagçy uçara münmezden 48 sagat öň barlagdan geçmelidir.

3. Aşgabatda 3-4-nji maýda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. ITCC-2023-iň guraýjylarynyň habar bermegine görä, çärelere gatnaşmak üçin eýýäm 700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. Olardan 600-si gönüden-göni, 100-den gowragy bolsa onlaýn tertipde gatnaşar.

4. Türkmenistanda Bütindünýä temmäkisiz gününe bagyşlanan çäreler badalga aldy. Tutuş bir aýyň dowamynda bilim beriş-öňüni alyş çäreleri, maslahatlar we duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri hem-de sport ýaryşlary geçiriler. Maý aýynyň birinji güni «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan BSGG-nyň ýurt boýunça bölümi bilen bilelikde guralan çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda meýletinçiler bäsleşik geçirdiler, bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylaryň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Dünýäde

5. «Alibaba Group» kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Ma Tokio uniwersitetiniň çagyrylan professory boldy. Jek Ma uniwersitetde dolandyryş we işewürlik başlangyçlary barada sapaklary geçýär, şeýle hem ol talyplara olaryň gözlegleriniň ugurlary boýunça maslahatlary berer. Pandemiýa döwründe telekeçi Tokioda ýaşaýardy we ol şertnama esasynda sapak geçmek üçin çagyryldy. Jek Manyň şu ýylky şertnamasy oktýabr aýynda tamamlanýar, ýöne her ýyl täzelenýär.

6. Russiýaly režissýory Klim Şipenkonyň 20-nji aprelde prokata çykan «Çagyryş» filmi 27-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda 301 million rubl toplap, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň prokatlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Satuwa çykan döwründen başlap, iki hepdäniň dowamynda «Çagyryş» 842,1 million rubl ýygnady. Sanawda ikinji orny 57,7 million rubl ýygnan «Ýaga we jadylar kitaby» filmi, üçünji orny bolsa 25,4 million rubl bilen «Jon Wik – 4» eýeledi. «Çagyryş» halkara kosmos stansiýasynda kosmos şertlerinde surata düşürilen ilkinji çeper film boldy.

Sport habarlary

7. Özbegistanda erkekleriň arasynda boks boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşlarda Türkmenistana 10 türgen wekilçilik edýär. Ýaryş 14-nji maýa çenli dowam eder. Tutluşyklar 13 sany agram derejesi boýunça geçiriler. Çempionatyň baýrak gaznasy 5,2 million dollar bolar. Ýeňijileriň hersi 200 müň dollar, kümüş medal gazananlar 100 müň dollar, bürünç medal alanlar bolsa 50 müň dollar alarlar. Ýaryşlara 104 ýurtdan 640-dan gowrak türgen, şol sanda ýedi sany dünýä çempiony gatnaşýar.

8. Şu gün Marynyň «Energetik» stadionynda «Arkadag» bilen «Energetigiň» arasyndaky futbol boýunça Türkmenistan kubogynyň deslapky tapgyrynyň jogap duşuşygy geçiriler. Duşuşyga daşoguzly Alibek Sapaýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik eder. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 4:0 hasabynda «Arkadagyň» ýeňşi bilen tamamlandy. «Arkadag» – «Energetik» jübütiniň ýeňijisi çärýek finalda «Köpetdaga» garşy oýnar.

9. Türkmenistanly ýetginjekleriň tandemi küşt boýunça Aziýanyň onlaýn çempionatynda ikinji orny eýeledi. 18 ýaşa çenli derejede garyşyk topary düzen Amanmuhammet Hommadow we Lala Şöhradowa mümkin bolan 18 toparlaýyn utukdan 15 utuk gazandylar we diňe 16 utuk toplan Indoneziýadan yza galdylar. Hormat münberiniň üçünji basgançagyny 13 utuk bilen Filippinler eýeledi.

10. FIFA-nyň prezidenti Jianni Infantino 5-6-njy maý aralygynda Özbegistana sapar bilen barar. Saparyň dowamynda FIFA-nyň ýolbaşçysy Özbegistanda futboluň meşhurlygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşar we ýurtda futboluň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşar. Infantino Özbegistanyň futbol düzümi bilen tanşar, FIFA bilen hyzmatdaşlykda döredilen milli ýygyndy toparlaryň binýadyny gözden geçirer we AFU-nyň resmi adamlary bilen duşuşyklar geçirer. Iş hepdesiniň dowamynda Infantino Täjigistana, Gazagystana we Gyrgyzystana hem barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň