Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow zähmet rugsadyna çykdy

21:5601.05.2023
0
37681

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowa nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutany haýyşy kanagatlandyryp, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowyň her ýylky esasy rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigi baradaky degişli Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň