Halk Maslahatynyň resmi saýty döredildi, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň iň gowy mugallymy we terbiýeçisi saýlandy, Aşgabatda iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler we beýleki habarlar

11:0222.04.2023
0
30529

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda halk häkimeýiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň resmi saýty döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýty adamlaryň halk häkimeýiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň işleri bilen tanyşmaklary üçin döredildi. Oňa şu salgy arkaly girmek mümkindir: maslahat.gov.tm.

2. «Ýylyň mugallymy – 2023» diýen hormatly ada Aşgabat şäheriniň 134-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Gülälek Täçmyradowa mynasyp boldy. Ol milli derejedäki sungat sergilerine birnäçe gezek gatnaşdy we ýeňiji boldy, geçen ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasydyr. Mary şäheriniň 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülälek Rejepowa «Ýylyň terbiýeçisi – 2023» diýen ada eýe boldy. Ýakyn geçmişde ol Marydaky Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talybydy, şeýlelikde, ol ene-atasynyň mugallymçylyk ýoluny dowam etdirýär.

3. 5-nji maýda sagat 09.00-dan 12.00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda Berkararlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Ähli guramalar, kärhanalar, firmalar we telekeçiler 1-nji maýda boş ýerleriň barlygy barada maglumat tabşyrmaly we bu çärä gatnaşmalydyrlar.

4. Ysraýyl Türkmenistanda hemişelik ilçihana açdy. Açylyş dabarasyna Ysraýylyň we Türkmenistanyň вaşary işler ministrleri Eli Koen we Raşid Meredow, şeýle hem birnäçe daşary ýurtlaryň ilçileri gatnaşdyдфк. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary toý bagyny kesdiler, şondan soň Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy «Şma» dogasynyň tekstiniň bir bölegini öz içine alýan pergament kagyzyny – Mezuzany ilçihananyň gapysyna dakdy. «Mezuzany ýerleşdirmek we Türkmenistanda täze ilçihanamyzy açmak meniň üçin uly mertebedir» -diýip, Eli Koen belledi.

5. Atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň we Fransiýanyň atçylyk we at çapmak institutynyň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre onlaýn görnüşde geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurýew we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew wekilçilik etdiler.

6. Gazagystanyň senatorlary «Gazagystan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» kanuny tassykladylar. Ylalaşykda Gazagystan bilen Türkmenistanyň döwlet serhedinde hukuk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, kanunyň kadalary döwlet serhedini goramagyň, ondan geçmegiň, harytlary we beýleki emläkleri daşamagyň tertibini kesgitleýär. Şeýle hem resminama döwlet serhedinde, serhet zolaklarynda we akwatoriýalarda telekeçilik, balykçylyk ýa-da beýleki işler bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.

Dünýäde

7. Russiýaly alymlar polat galyndylaryndan parasetamol öndürmegiň usulyny tapdylar. Derman serişdesiniň sintezi üçin öwrüji gaz ulanyldy. Ol 60 göterim kömürturşy gazyndan durýar. Onuň kömegi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Organiki element birleşmeleri institutynyň hünärmenleri dermanlaryň aýrylmaz bölegi bolan birnäçe organiki birleşmeleri alyp bildiler. Geljekde dökün hökmünde ulanylýan moçewinanyň sintezi üçin öwrüji gazy ulanmak meýilleşdirilýär.

8. Russiýanyň kinoteatrlarynyň ählisinde Klim Şipenkonyň «Çagyryş» atly filmi – Halkara kosmos stansiýasynda surata düşürilen ilkinji çeper film ýaýlyma berildi. Filmi surata düşürmek işleri 2021-nji ýylda «Soýuz MS-19» kosmos gämisinde geçirildi. Režissýoryň özi, baş keşbi ýerine ýetiriji Ýuliýa Peresild, şeýle hem kosmonawt Anton Şkaplerow ýörite kosmosa uçdular. Sýužete görä HKS-iň bortundaky adatdan daşary ýagdaý sebäpli ekipažyň agzalarynyň birinde gyssagly ýürek operasiýasyny geçirmeli bolýar, şonuň üçin hem Ýuliýa Peresildiň keşbini janlandyrýan gahrymany bir aýlap taýýarlyk görenden soň kosmosa iberilýär.

Sport habarlary

9. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky üçünji oýnunda Taýland toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk 6:3 hasabynda tamamlandy. Türkmenistanyň topary ýaryşda yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazandy. Ondan öň türkmen topary Lýuksemburgdan üstün çykypdy we GAR-dan ýeňilipdir. Baýram Allaýarowyň şägirtleri ýaryşy 23-nji aprelde Taýwana garşy oýun bilen tamamlarlar.

10. Türkmen ýüzüjisi Merdan Ataýew Daşkentde geçirilen ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda 100 metr aralyga arkan ýüzmekde ýeňiji boldy. Türgen 58,16 sekunt wagt görkezdi. Ondan öň Merdan Ataýew 200 metr aralyga arkan ýüzmekde birinji ýeri eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň