Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Senaty gazak-türkmen serhedi baradaky resminamany tassyklady

15:1920.04.2023
0
52018

Senat Gazagystan Respublikasynyň «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky ylalaşygy tassyklamak barada» Kanunyny tassyklady.

«Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda baglaşyldy. Bu şertnamada barlag nokatlarynda we beýleki meselelerde ýüze çykýan dürli ýagdaýlary düzgünleşdirmek meýilleşdirilýär. Ylalaşygyň maksady Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky döwlet serhedinde hukuk esaslaryny we gatnaşyklary kadalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Habarda bellenilişi ýaly, döwlet serhediniň tertibi döwlet serhedini saklamak, adamlaryň, ulaglaryň, ýükleriň we beýleki emläkleriň serhetden geçmegi, uçuşlaryň amala aşyrylmagy, döwlet serhedinde, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ykdysady we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem serhet hadysalaryny çözmek ýaly meseleleri öz içine alýar» diýip, senatyň orunbasary Alişer Satwaldiýew Senatyň umumy mejlisinde aýtdy. Bu barada inform.kz ýazýar.

Ozal Gazagystanyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetiniň wekilleriniň giňeldilen ýygnakda bu Kanuna seredenlikleri barada ýazypdyk.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň