Top.Mail.Ru

Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky resminama kanunlaşdyrylýar

19:1718.04.2023
0
35623
Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky resminama kanunlaşdyrylýar
Surat: DKNews.kz

Gazagystanyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetiniň wekilleri giňeldilen ýygnakda «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky şertnamany tassyklamak barada» Kanuny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «DKNews.kz» habar berýär.

Ylalaşygyň maksady, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky döwlet serhedinde hukuk esaslaryny we gatnaşyklary kadalaşdyrmakdan ybaratdyr. Habarda bellenilişi ýaly, döwlet serhediniň tertibi döwlet serhedini saklamak, adamlaryň, ulaglaryň, ýükleriň we beýleki emläkleriň serhetden geçmegi, uçuşlaryň amala aşyrylmagy, döwlet serhedinde, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ykdysady we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem serhet hadysalaryny çözmek ýaly meseleleri öz içine alýar.

Komitetiň agzalary tarapyndan geçirilen ara alyp maslahatlaşmagyň netijelerine esaslanyp, degişli Kanuny palatanyň mejlisinde garamak üçin ibermek kararyna gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň