Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada «MAZ» AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar

10:0615.04.2023
0
39724

Türkmenistanda

1. Anna güni Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler. Ozal habar berlişi ýaly, Ogulabat Berdimuhamedowa geçen hepde 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, onuň ejesi hem, kakasy Mälikguly aga ýaly, mukaddes Remezan aýynda Hakyň rehmetine gowuşdy. Bu ýagdaý Biribaryň ýalkawyndan nyşan hasaplanýar.

2. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Russiýa pomidor eksport edijileriň sanawynda ikinji orny eýeledi. Türkmenistan importyň 14% paýy bilen ikinji orna çykdy. 2021-nji ýylda Türkmenistan Russiýa pomidor eksport etmekde dördünji orunda barýardy. Emma şol wagt ikinji orny eýelän Türkiýe 2022-nji ýylda bir setir aşak düşdi. Azerbaýjan 37% paý bilen esasy importýor bolmagynda galýar.

3. Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý «Minskiý awtomobilnyý zawod» AGPJ-niň wekilleri bilen duşuşdy. Aşgabada «MAZ» AGPJ-iň wekiliýeti geldi. Duşuşygyň dowamynda Belarusyň awtoulag öndürýän kompaniýasynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen häzirki hyzmatdaşlygynyň meseleleri, şol sanda awtoulaglaryň tehniki hyzmaty, şeýle hem Aşgabatdaky Belarus tehnika merkeziniň we «MAZ» AGPJ-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Aşgabadyň «ArtIst» höwesjeň ýaşlar teatrynyň «Düşewüntli ýer» spektaklynyň Sankt-Peterburgda geçirilýän rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» XXV Halkara festiwalynyň sahnasynda görkezilişi üstünlige eýe boldy. Türkmenistandan döredijilik topary festiwala gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň dykgatyna Aleksandr Ostrowskiniň sahna eseriniň döwrebaplaşdyrylan görnüşini hödürlediler. Festiwala gatnaşyjylary türkmen halkynyň däp-dessurlary we medeni mirasy bilen tanyşdyrmak üçin aşgabatly artistler ýörite çykyş taýýarladylar. Olar milli lybaslarda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gadymy «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler. Döredijilik forumyna işjeň gatnaşandyklary üçin «ArtIst» teatrynyň işgärlerine Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara festiwalyň diplomy gowşuryldy.

5. Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi Şalar Geldinazarow «Merkezi Aziýa – Hindistan» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen Bilelikdäki iş toparynyň Çabahar portunyň meseleleri boýunça birinji mejlisine gatnaşdy. Çabahar porty Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň wajyp halkasy we Aşgabat Şertnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Port Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegi, şeýle hem Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Dünýäde

6. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Gazagystan Respublikasynyň Döwlet sylagy – birinji derejeli «Dostyk» Ordeni bilen sylaglandy. Sergeý Lebedewe bu ýokary we abraýly sylagy premýer-ministriň orunbasary – Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu penşenbe güni Samarkantda geçirilen duşuşygyň dowamynda gowşurdy. Sylag Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň tabşyrygy boýunça gowşuryldy.

7. Ilon Mask «Twitter-de» ulanyjy kontentiniň monetizasiýasynyň başlanýandygyny habar berdi. Onuň bellemegine görä, «Twitter-de» islendik kontent üçin, şol sanda uly tekstlerden başlap, birnäçe sagatlap dowam edýän wideolara çenli monetizasiýany ýola goýmak (gazanç etmek) mümkindir – munuň üçin akkauntyň sazlamalarynda «Monetizasiýa» düwmesine basmak ýeterlikdir. Birinji ýylyň dowamynda agzalar tarapyndan tölenen monetizasiýa serişdelerini ulanyjylar töleg ulgamlary tarapyndan alynýan komissiýany tölemek arkaly dolulygyna alarlar.

Sport habarlary

8. Aşgabadyň «Köpetdag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze ýaryşyny ýeňiş bilen başlady. Milli çempionatyň birinji tapgyrynda «Köpetdag» Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» ýeňdi. Oýun türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» stadionynda geçirildi we öý eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. «Köpetdag» futbol klubynyň hüjümçisi Ýazgylyç Gurbanow Türkmenistanyň çempionatynda 2023-nji möwsüminiň ilkinji golunyň awtory boldy.

9. GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 14-nji aprelde Samarkantda geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça Minskä GDA-nyň sport paýtagty derejesini bermek kararyna gelindi. Degişli çözgüt GDA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşi tarapyndan tassyklandy. Geljek ýyl GDA-nyň sport paýtagty derejesi Ermenistanyň Gýumri şäherine geçiriler. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatynda birnäçe çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň