13-nji aprelde Samarkantda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Arkalaşygyň çäginde birnäçe hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiniň temalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «UzDaily» habar berýär.
Duşuşygyň ahyrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň adyndan Murat Nurtleu Sergeý Lebedewi «Dostyk» («Dostluk») ordeniniň I derejesi bilen sylaglady.
«Dostyk» ordeni Gazagystan Respublikasynyň döwlet baýragy bolup, şahsyýetlere jemgyýetde özara sazlaşygy saklamak, halklaryň arasyndaky parahatçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde gazanan üstünlikleri üçin gowşurylýar.