Soňky habarlar

Arhiw

Ogulabat Berdimuhamedowanyň hatyrasyna belli güni agzaçar sadakasy berildi

21:5314.04.2023
0
40203

Şu gün Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli güni agzaçar sadakasyny berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, agzaçar sadakasyndan öň metjitde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg etdi.

Belli gün agzaçar sadakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli salamlaşyp:

— Şu gün halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk borjumyzy berjaý edip, käbäm ejem Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap mukaddes Remezan aýynda belli güni agzaçar sadakasyny berýäris. Ejemiň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyz, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gynanç bildirýärler. Munuň üçin ähliňize taňryýalkasyn aýdýaryn — diýip belledi.

«Käbäm ejemde hemme enelere mahsus ýagşy gylyk-häsiýetler jemlenipdi. Ene mähri, ene mukaddesligi tutuş dünýäni saklap duran güýçdür» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, nahar çekildi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.

***

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde, şeýle-de Mary şäherindäki Gurbanguly hajy baş metjidinde hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat eje ýagşylykda ýatlanylyp, onuň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagy dileg edilip, agzaçar sadakalary berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň