Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, «Lebapsuwhojhalyk» birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň «Komatsu» kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar

11:1513.04.2023
0
41093

Türkmenistanda

1. Adamyň kosmosa uçmagynyň halkara gününde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde Ýuri Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä RF-niň ilçihanasynyň wekilleri, A.S.Puşkiniň adyndaky rus umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem žurnalistler gatnaşdylar.

2. Daşkentde «Merkezi Ýewraziýa-2023» atly Kosmos tehnologiýalarynyň halkara maslahaty geçiriler. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi maslahatyň resmi hemaýatkäri bolar. Maslahata 12 ýurtdan degişli ugruň iki ýüzden gowrak hünärmeni we kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Oňa gatnaşyjylar kosmos pudagynda täze bilimleri almaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mümkinçilik alarlar.

3. «Lebapsuwhojhalyk» önümçilik birleşigine täze tehnikalaryň tapgyry – Ýaponiýanyň «Komatsu» kompaniýasynyň 6 sany buldozeri we 12 sany ekskawatory gelip gowuşdy. Ýakyn wagtda ýene 15 sany täze tehnikanyň alynmagyna garaşylýar. Lebap welaýatynda suw desgalarynyň giň ulgamy döredildi. Suwaryjy we suw ýyganýyjy ulgamlarynyň umumy uzynlygy 14850 kilometrden geçýär. «Lebapsuwhojhalyk» ÖB-niň işi, esasan, oba daýhanlaryny suw bilen üpjün etmäge, melioratiw işleri geçirmäge we topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ygtybarly tehnikalaryň kömegi bilen önümçilik birleşiginiň işgärleri her ýyl müňlerçe kilometre çenli kanallaryň we aryklaryň düýbüni çuňlaşdyrýarlar, olary toplanýan palçykdan arassalaýarlar.

4. «Çapar» ykjam programmasynyň kömegi bilen Türkmenistanyň ýaşaýjylary «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň we «Älem TV» hemra teleýaýlymynyň hyzmatlary üçin tölegleri töläp bilerler. Muny iki usulda – «Altyn asyr» ulgamynyň bank karty arkaly ýa-da jübi telefonynyň «TMCell» balansyndan amala aşyrmak mümkindir. «Çapary» işläp düzen – «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ykjam programmany kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işlerini dowam etdirýär. Häzirki wagtda «Çaparyň» üsti bilen Türkmenistanyň ýaşaýjylary jemagat hyzmatlary, kabel teleýaýlymlary üçin tölegleri töläp bilerler, poçta ibermek üçin çapary çagyryp bilerler, suw sargyt edip we başga-da köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

5. «Ak şäherim – Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisi 2023-nji ýylda 24-25-nji maýda geçiriler. Sergi Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň çäginde, Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda geçiriler. Her ýylda guralýan forum Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanýar. Bu ýyl sergide türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk pudagyndaky, senagat, medeni we intellektual ugurlardaky üstünliklerini hem-de geljegi, şeýle hem möhüm durmuş-ykdysady mümkinçilikleri görkeziler.

Dünýäde

6. Astrahanda «Hazar – dostluk deňzi» motoýörişi tamamlandy. Motosiklleriň kerwenini Astrahandaky Kremlde dabaraly ýagdaýda garşyladylar. Motoýörişe gatnaşyjylar Gazagystana, Türkmenistana, Eýrana, Azerbaýjana we Dagystan Respublikasyna baryp, 5000 km ýoly geçdiler. Motoýörişiň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Hazarýaka döwletleriniň resmi adamlary bilen duşuşyklar geçirdi, ýaşlar guramalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy, hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

7. «HBO» teleýaýlymy Garri Potter hakyndaky kitaplara esaslanýan serialy surata düşürer. «HBO-nyň» baş direktory Keýsi Bloýsyň bellemegine görä, serial Potter hakyndaky ýedi kitabyň hersine laýyklykda surata düşüriler, galyberse-de, her bir kitap tutuş möwsümde beýan ediler. Şeýle hem Garri Potter hakyndaky älemiň awtory Joan Rowling ýerine ýetiriji prodýuser hökmünde serialy döretmäge gatnaşar.

Sport habarlary

8. Ispaniýanyň «Realy» Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Angliýanyň «Çelsi» toparyny ýeňdi. Duşuşyk Madridde geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Karim Benzema we Marko Asensio pökgüleri tora girizmek bilen tapawutlandylar. 59-njy minutda «Çelsiniň» goragçysy Ben Çilwell soňky umydyň ýalňyşlygy üçin göni gyzyl duýduryş aldy. Toparlar 1/4 finalynyň jogap duşuşygyny 18-nji aprelde Londonda geçirerler. Ýarym finalda «Real» – «Çelsi» jübütiniň iň güýçlisi «Mançester Siti» bilen «Bawariýanyň» arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

9. Oýun gününiň beýleki duşuşygynda «Milan» öz meýdançasynda «Napoliden» üstün çykdy. Duşuşyk «San-Siroda» geçirildi we 1:0 hasabynda «gyzyl-garalaryň» peýdasyna tamamlandy. Ýer eýeleriniň düzüminden Ismael Bennaser ýeňiş getiren pökgini tora girizdi. «Napoli» duşuşygy san boýunça azlykda tamamlady, ýarymgoragçy Andre Zambo-Angissa iki sary duýduryş üçin meýdançadan çykaryldy. Toparlar 1/4 finalynyň jogap duşuşygyny 18-nji aprelde Neapolda geçirerler. Ýarymfinalda «Milan» – «Napoli» jübütiniň iň güýçlüsi «Inter» bilen «Benfikanyň» arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar. Ýatlatsak, häzirki çempionatyň finaly 10-njy iýunda Stambulyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi Madrid «Real» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň