Arhiw

«Hazar — dostlugyň deňzi» motoýörişi Astrahanda tamamlandy

23:1012.04.2023
0
32629
«Hazar — dostlugyň deňzi» motoýörişi Astrahanda tamamlandy
Photo: Metbugat gullugy we Astrakhan sebitiniň häkiminiň administrasiýasynyň maglumatlary

«Hazar — dostlugyň deňzi» halkara motoýörişi Astrahanda tamamlandy. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatorynyň metbugat gullugy habar berdi. Motoýörişe gatnaşyjylar Astrahan Kremlinde sebitiň ýaşaýjylary tarapyndan dabaraly garşylandy. Gubernator Igor Babuşkiniň başlyklygyndaky motoýörişe gatnaşyjylar Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň çäklerinden geçip, 5 000 kilometre ýakyn ýol sökdüler.

Ýörişiň çäginde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin degişli döwletleriň ýolbaşçylary we ýaşlar guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy we hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminama gol çekdi.

«Hazarýaka döwletleriň ähli ýolbaşçylaryna, şeýle hem diplomatik gulluklaryna köp sag bolsun aýdýaryn. Uzak ýoly meniň bilen bilelikde geçen topara we bizi mähirli garşy alan Astrahanyň halkyna sag bolsun aýdýaryn»-diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Telegram kanalynda paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň