Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL-iň çärýek finaly: «Real» «Çelsiniň» derwezesine jogapsyz iki gol geçirdi

10:2913.04.2023
0
37995
ÝÇL-iň çärýek finaly: «Real» «Çelsiniň» derwezesine jogapsyz iki gol geçirdi
Surat: goal.com

«Real» Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda öz meýdanynda «Çelsini» ýeňlişe sezewar etdi. Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen oýunda ýer eýesi 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.

«Reala» ýeňiş getiren gollaryň birinjisi Benzemanyň (21), ikinjisi bolsa ätiýaçdan oýna goşulan Asensionyň (74) adyna ýazyldy. Şeýlelikde, Asensio ÝÇL-de ätiýaçdan oýna giren duşuşyklarynda dokuzynjy gezek öz adyna gol ýazdyryp, bu ugurda ýaryşyň rekordyny täzeledi.

Ýeri gelende bellesek, duşuşykda Ben Çillueliň 59-njy minutda emin tarapyndan gyzyl kart bilen jezalandyrylyp, meýdançadan çykarylmagy netijesinde «Çelsi» oýny bir adam azlykda tamamlady.

Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 18-nji aprelde Londondaky «Stemford Brij» stadionynda geçiriler. Bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda «Bawariýa» — «Mançester Siti» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň