Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň portaly içki uçuşlar üçin awiapetekleriň satuwyny ýola goýdy, Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatry Russiýadan maddy goldaw alar, Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana saparyny yza süýşürdi we beýleki habarlar

10:2310.04.2023
0
29971

Türkmenistanda

1. Döwlet hyzmatlarynyň portaly «Türkmen howa ýollarynyň» içki uçuşlar üçin awiapetekleriniň satuwyny ýola goýdy. Indi saýtda we «EGOVTM» ykjam programmasynda awiapetekleri onlaýn satyn almak mümkindir. Hyzmat «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen bilelikde işe girizildi. «Türkmen howa ýollarynyň» içki uçuşlary Türkmenistanyň Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerini öz içine alýar.

2. Aşgabadyň Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan maddy goldaw alar. Şeýle-de maddy kömek aljaklaryň hatarynda 10 ýurtdaky rus teatrlary bar. Daşary ýurtlardaky rus teatrlaryna maddy goldaw 2 ugur boýunça amala aşyrylýar: iň döwrebap teatr-sahna enjamlaryny satyn almak we sahna oýunlaryny goýmaga hemaýat etmek.

3. Türkmenistanyň Prezidenti ozal 10-11-nji aprelde amala aşyrylmagy meýilleşdirilen Täjigistana resmi saparyny yza süýşürdi. Şeýle hem 8-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de 9-njy aprelde geçirmek bellenilen iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik maslahaty goýbolsun edildi.

4. Türkmenabatda ýerleşýän «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrigi soňky iki aýyň dowamynda Azerbaýjana, türkiýä we Belgiýa umumy bahasy 987 müň 816 manatlyk 333 tonna pamyk önümlerini eksport etdi. Kärhanada 90-a golaý hünärmen zähmet çekýär, gündelik ortaça 6-8 tonna nah mata öndürilýär.

5. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde arheologiýa, dikeldiş we muzeý işleri boýunça türkmen hem-de amerikan hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar Metropoliten sungatlar muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda ozal gol çekilen «Arheologiýa we ylmy-barlag işleri ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň» esasynda Daňdanakan we Guşmeýhan arheologiki ýadygärliklerde, Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar aramgähinde edilmeli işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

6. Hytaý bilelikdäki Halkara ylmy Aý stansiýasynyň taslamasyna gatnaşmak üçin Wenesuela çakylyk iberdi. HHR-däki Uzak kosmosy barlamak laboratoriýasy Wenesuelanyň şeýle teklip alan ilkinji ýurtdygyny nygtaýar. Hytaý Aýdaky barlag stansiýasyny eýýäm 2030-njy ýylda işe girizmegi meýilleşdirýär.

7. Ýaponiýanyň häkimiýeti 2023-nji ýylyň 8-nji maýyndan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäklerinde daşary ýurtlardan ýurduň içine girmek üçin hereket edýän ähli çäklendirmeleri aradan aýrar. Ýurda girmek üçin çäklendirmeler türkmenistanly syýahatçylar üçin hem aradan aýryldy. Häzirki wagtda Ýaponiýa syýahat etmek üçin COVID-19-a garşy BSG tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň 3 dozasynyň alnandygy hakynda kepilnama ýa-da uçuşdan öňki üç günüň dowamynda edilen koronowirus barlagynyň negatiw netijesi talap edilýär.

Sport habarlary

8. «Arkadag» futbol topary 18-nji aprelde ilkinji resmi duşuşygyny geçirer. Topar futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň çäklerinde Marynyň «Merw» toparyna garşy oýnar. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 14-nji aprelde, anna güni badalga alar. Öňümizdäki möwsümde gatnaşyjylaryň sany 9 topardan ybarat bolar we olar üç aýlaw boýunça özara bäsleşerler. «Ahal» bolsa Türkmenistanyň iň güýçli topary diýen derejesini goramaga çalşar.

9. «Baýer» Germaniýanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Aýntrahtdan» üstün çykdy. Duşuşyk Lewerkuzende geçirildi we 3:1 hasabynda tamamlandy. Lewerkuzenlileriň düzüminden Amin Adli, Mussa Diabi we Serdar Azmun tapawutlanmagy başardylar. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini Jibril Sou geçirdi. Azmun 70-nji minutda meýdança çykdy we oýnuň soňky sekuntlarynda bir-bire çykyp, goly amala aşyrdy. Türkmen gelip çykyşly eýranly hüjümçi üçin bu gol Bundesliganyň häzirki möwsümindäki dördünji gol boldy.

10. «Abdyş-Atanyň» türkmen goragçysy Teýmur Çaryýew futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynda ilkinji pökgini saldy. Onuň topary «Oş-GU-Aldiýer» topary bilen duşuşdy we 3:0 hasabynda üstün çykdy. Çaryýew 60-njy minutda oýnuň ilkinji pökgüsini geçirdi. Türkmen futbolçysy üçin bu täze toparynyň düzüminde resmi duşuşygyndaky ilkinji gol boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň