Turkmenportal logo
08.04.23
8946589465
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary yza süýşürildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary yza süýşürildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary belli bir möhlete yza süýşürildi. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, «Asia-Plus» habar berdi.


Saparyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy sebäpli yza süýşürilendigi bellenilýär. Ondan öň resmi saparyň 10-11-nji aprelde boljakdygy habar berlipdi.


Mundan başga-da, 8-nji aprelde meýilleşdirilýän Täjigistanyň we Türkmenistanyň Işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi, şeýle hem 9-njy aprelde meýilleşdirilýän iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik forumy ýatyryldy.