«Abdyş-Atanyň» türkmenistanly goragçysy Teýmur Çaryýew futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynda ilkinji goluny geçirdi.
Çaryýewiň topary ýaryşyň ikinji tapgyrynda «OşGU-Aldiýer» bilen duşuşyp, 3:0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Teýmur oýnuň 60-njy minutynda tapawutlanmagy başardy. Şol pursatda ol sag gyradan garşydaşyň jerime meýdançasyna girip, özi üçin derwezäniň çepindäki dokuzlygyny dürs nyşana aldy.
Şeýlelikde, türkmenistanly goragçy özüniň täze toparyndaky ilkinji resmi goluny adyna ýazdyrdy.
Iki tapgyrdan soňra «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň çempionatynda 4 utuk bilen üçünji ýerde barýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Teýmur Çaryýew gyrgyz klubynyň düzümine 2023-nji ýylyň mart aýynda «Energetikden» baryp goşulypdy.