Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» futbol topary ilkinji resmi duşuşygyny 18-nji aprelde geçirer

11:0008.04.2023
0
108235

Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol topary ilkinji resmi duşuşygyny 18-nji aprelde geçirer. Topar şol gün Türkmenistanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň çäginde Mary şäheriniň «Merw» futbol toparyny kabul eder.

«Arkadag» futbol klubynyň adybir şäherde şu ýyl döredilendigini ýatladýarys.Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýakynda geçiren maslahatynda bu kluby hasaba aldy we onuň ýurduň çempionatyna hem-de Kubok ýaryşa gatnaşjakdygyny tassyklady.

Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanda milli çempionatyň we Kubok ýaryşynyň duşuşyklary 9 topar bilen geçiriler. Bu bolsa çempionatyň her tapgyrynda bir toparyň dynç aljakdygyny, Kubok ýaryşynyň bolsa çärýek finaldan däl-de, deslapky tapgyrdan başlanjakdygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň