Türkmenistanda
1. Türkmenistanda «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden serediler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň dowamynda belläp geçdi.
2. Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň çäginde galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu başlangyç BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) üçin plastik gaplar we üç bölümli zibil gutulary eýýäm TDU-nyň geografiýa fakultetiniň ekologiýa kafedrasyna ulanmaga berildi.
3. Aşgabatda şu ýylda geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy. Şowhunly el çarpyşmalar astynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
4. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji aprelde meýilleşdirilýän Täjigistana resmi saparynyň çäklerinde köp sanly çäreler, şol sanda türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary geçiriler. Täjigistana Türkmenistanyň tanymal medeniýet işgärlerinden, meşhur sazandalardan we aýdymçylardan, dürli medeni çärelere gatnaşjak döredijilik toparlaryndan ybarat döredijilik wekiliýeti iberildi.
5. Türkmenistanda görnükli akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly dörediler. Ozal ýurtda Magtymgulynyň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilipdi we onuň düzümi tassyklanypdy. Öňümizdäki 2024-nji ýylda türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyrynyň ýubileýine bagyşlap birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, XVIII asyryň meşhur şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Dünýäde
6. Hindi milliarderi Gautam Adaniniň kompaniýasy «Harabalykdan çykan millioner» filmindäki Mumbaýyň merkezinde ýerleşýän Dharawi etrabyny täzeden gurar. Mumbaýyň ýolbaşçylarynyň habar bermeklerine görä, baş gahryman Jamal Malikiň maşgalasynyň ýaşan harabalyklarynyň durkunyň täzelenmegi üçin 2,4 milliard dollardan gowrak serişde gerek bolar. Taslamanyň çylşyrymlylygy işiň dowam edýän döwründe Dharawiniň bir million ýaşaýjysy üçin jaý tapmagyň zerurlygyndadyr. «Forbes-iň» maglumatlaryna görä, Gautam Adaniniň maddy ýagdaýy 44 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, ýerli ýaşaýjylar milliarderiň ýeterlik pulunyň bolmazlygyndan we taslamanyň uzak ýyllara çekmeginden gorkýarlar.
7. «Uzbekistan Airways» 26-njy aprelden başlap, Daşkentden Indoneziýanyň paýtagty Jakarta uçuşlaryny dikelder. Uçuşlar her çarşenbe güni «Boeing 787 Dreamliner» uçarynda amala aşyrylar. Daşkentden petekleriň bahasy bir tarapa 409 dollar. «Uzbekistan Airways» awiakompaniýasynyň uçarlary bu ugurda eýýäm uçupdylar, emma COVID-19 pandemiýasy sebäpli uçuşlary togtatmaly boldy.
Sport habarlary
8. 22-nji aprelde futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň deslapky tapgyry başlanar, onuň çäklerinde «Arkadag» we «Energetik» esasy ýaryşa çykmak üçin bäsleşerler. Jogap duşuşygy 2-nji maýda geçiriler. «Arkadag» – «Energetik» jübütiniň ýeňijisi çärýek finalda «Köpetdaga» garşy oýnar. Ýatlatsak, Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Ahal» toparydyr.
9. «Kim? Nirede? Haçan?» bäsleşiginiň 2022-2023 möwsüminiň sport nusgasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty 7-nji maýda geçiriler. Bu ýaryş Halkara intellektual oýunlar birleşiginiň howandarlygynda we «Igra-TV» telekompaniýasynyň ygtyýarnamasy boýunça geçiriler. Türkmen intellektuallary üçin soraglary beýleki ýurtlaryň hünärmenleri taýýarladylar. Öz toparyňyzy Turkmenportal saýtynda ýörite maglumatnamany dolduryp, onlaýn tertipde resmileşdirip bilersiňiz.