Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow: «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna täzeden seretmek wajypdyr»

12:1507.04.2023
0
66255

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden seretmegiň wajypdygyny belledi.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow şeýle diýdi: «Watanymyza, döwletimize, halkymyza wepaly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen, ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmek we olaryň hukuk goraglylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden seretmek wajypdyr».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň