Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy

15:2807.04.2023
0
54331

Şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa baş söweş sungaty sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen, şu ýyl iri halkara ýaryşlarda baýrak alan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryna iberen Gutlagyny diňlediler.

Soňra el çarpyşmalaryň astynda ýeňiji türgenlere döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sport ussatlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet gimni ýaňlandy. Ýeňijiler Türkmenstanyň ýaşyl Baýdagynyň astynda sport toplumynyň meýdançasyna girip geldiler.

Soňra bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurduň sungat ussatlary konsert berdiler.

Dabaraly çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Dabaradan taýýarlanylan fotoreportaž bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň