TFF futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň täze tertipnamasyny tassyklady

20:0007.04.2023
0
69073

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşa 22-nji aprelde badalga beriljekdigini tassyklady.

Resmi saýtyň ýazyşy ýaly, ýaryşa 9 topar gatnaşar. Olar «Arkadag», «Altyn asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik» we «Köpetdag» toparlarydyr.

Habarda ýazylyşy ýaly, ýaryş 22-nji aprelde «Arkadag» we «Energetik» toparlarynyň arasyndaky deslapky duşuşyk bilen başlar. Bu duşuşygyň jogap oýny 2-nji maýda geçiriler. Deslapky tapgyryň ýeňijisi ýaryşyň çärýek finalynda «Köpetdagyň» garşydaşy bolar.

Kubok ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 9-njy, jogap oýunlary bolsa 20-nji maýda geçiriler. Ýarym final duşuşyklary 27-nji maýda hem-de 2-nji iýunda oýnalar. Final oýnunyň geçiriljek ýeri we senesi soň belli ediler.

Ýeri gelende bellesek, «Merw» – «Aşgabat»/«Ahal» – «Şagadam» hem-de «Altyn asyr» – «Nebitçi»/«Köpetdag» – «Energetik»/«Arkadag» jübütleriniň arasyndaky ýeňiji ýarym finalda özara duşuşarlar.

Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdanynda geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň