Türkmenistanda täze teleýaýlym peýda bolar, Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almagyň Tertibine girizilen üýtgeşmeler köpçülige ýetirildi, «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda täze seýilgäh hem-de 23 sany dokuz gatly jaý gurlar we beýleki habarlar

10:2931.03.2023
0
96220

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň binýadynda täze «Arkadag» teleýaýlymy dörediler we ol 2023-nji ýylyň sentýabryndan gepleşikleri ýaýlyma berip başlar. Onuň döredilmegi hakynda Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

2. Türkmenistanda «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» üýtgeşmeler girizildi. Onuň 16-njy bölegine aşakdaky goşmaçalar girizildi: Şunda sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen adamyň ynanylan wekili tarapyndan hem ynanç haty esasynda alnyp bilner. Resminamanyň doly nusgasy bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary portalynda tanşyp bilersiňiz.

3. Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we ýollary bilen bilelikde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan 9 gatly, 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy we täze seýilgäh gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekmek bilen, Aşgabat şäheriniň häkimligine taslamalary düzmek hem-de gurluşyk işleri barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berdi.

4. Türkmen wekiliýeti 8-9-njy aprelde Duşenbede geçiriljek Türkmenistan -Täjigistan Işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisine gatnaşar. Bu senelerde Duşanbede iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik maslahaty hem geçiriler. Bu çärelere Türkmenistandan 100 adamdan ybarat uly wekiliýet geler. Işewürler geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar, üstesine-de, Türkmenistanyň we Täjigistanyň eksport ugurly harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.

5. Daşary ýurtlarda ýaşaýan russiýalylar indi pensiýalary we beýleki tölegleri Russiýada ýa-da daşary ýurtlarda açylan bank hasaplaryna rublda alyp bilerler. Degişli karara Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin gol çekdi.

6. Häzirki wagtda Türkiýede 12 müňden gowrak türkmen talyby okaýar. Bu barada Daşary ýurtlardaky watandaşlar we garyndaş jemagatlar müdirliginiň başlygy Saýit Ýusuf habar berdi. – Biz Türkmenistan bilen bilim pudagynda hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak, köp sanly üstünlikli türkmen ýaşlaryny çekmek we olary ulgamymyza girizmek, şeýle hem Türkiýede bilim almak üçin talyp haky bermek isleýäris – diýip, Saýit Ýusuf nygtady.

Dünýäde

7. 2023-nji ýylyň iýunyndan başlap, Gizadaky Heopsyň piramidasy dikeldiş işleri üçin ýapylar. Işler piramidanyň içinde geçiriler, şonuň üçin oňa giriş syýahatçylar üçin ýapyk bolar. Dikeldiş işleri döwründe syýahatçylar üçin Mikeriniň piramidasy açylar. Heopsyň piramidasy – Gadymy Müsüriň binagärlik sungatynyň ýadygärligi bolan Müsür piramidalarynyň iň ulusydyr. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galan ýeke-täk «Dünýäniň ýedi täsinliginiň» biridir.

8. Russiýanyň kinoprokatçysy «Sentral Partnerşip» «Kosmaks» atly IMAX kinoteatr formatynyň milli nusgasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda täze taslamany patentleşdirmek işleri geçirilýär. «Kosmaks» görnüşinde görkeziljek ilkinji film Klim Şipenkonyň «Çagyryş» atly filmi bolar. Bu filmi surata düşürmek işleri bölekleýin kosmosda, «Soýuz MS-19» halkara kosmos stansiýasynda geçirildi.

Sport habarlary

9. Belarusyň Pankration we garyşyk söweş sungatlary federasiýasy pankration boýunça ýurduň çempionatyny geçirdi. Bäsleşige Türkmenistandan Abdylla Taýhanow gatnaşdy. Ol 66 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýelemegi başardy. Taýhanow Belarus döwlet uniwersitetinde ýokary bilim alýar.

10. Türkmen agyr atletikaçysy Albaniýada geçirilýän dünýä çempionatynda silterläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy. Gülälek Kakamyradowa bu üstünlige 64 kilograma çenli agram derejesinde ýetdi. Albaniýada ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda Gurbandurdy Amanowyň we Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň toparyna 9 agyr atletikaçy wekilçilik edýär. Bäş gün dowam eden bäsleşikden soň, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 10 medal bilen toparlaýyn sanawda Filippinleriň toparyndan soň ikinji orunda barýar.

11. Türkmenistanyň milli ýygyndysy çarşenbe güni Şarjadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerindäki dostluk duşuşygynda emirlikleriň «Ýunaýted» toparyny ýeňdi. Duşuşyk 3:1 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. «Ýunaýted» futbol toparyny BAE-nyň ikinji diwizionynda çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň