Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy «Ýunaýtedi» ýeňdi

22:4830.03.2023
0
35438

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Şarja şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde BAE-niň «Ýunaýted» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyk türkmen ýygyndysynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Ýunaýted» BAE-niň ikinji dwizionyna wekilçilik edýär.

Türkmen ýygyndysynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy şu gün tamamlanýar. Ýygyndy bu ýerde 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk gördi. Saýlama tapgyryň bijeleri şu baharda çekilip, ilkinji duşuşylar güýzde başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň