Häzirki wagtda Türkiýede 12 000-den gowrak türkmen talyby okaýar. Bu barada Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş jemgyýetler edasynyň (YTB) Başlygynyň kömekçisi Saýit Yusufa salgylanyp, «Anadolu» habarlar agentligi habar berdi.
Habarda bellenişine görä, Saýit Yusuf: «Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa bilen duşuşygymyz örän netijeli geçdi. Biz Türkmenistan bilen bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy has ösdürmek, türkmen ýaşlaryny kämilleşdirip, olaryň Türkiýede bilim almaklary üçin talyp haklaryny hödürlemek isleýäris» — diýdi.
Şeýle hem ol türk wekiliýetiniň ýakyn günlerde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.