Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgen pankration boýunça Belarusyň çempiony boldy

22:5930.03.2023
0
40514

Belarusyň Pankration we garyşyk söweş boýunça federasiýasy pankration boýunça ýurduň çempionatyny geçirdi. Ýaryş Minsk şäherinde geçirildi.

Bu ýaryşa Türkmenistandan Abdylla Taýhanow hem gatnaşdy. 66 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşan Abdylla çempion bolmagy başardy. Guramaçylar ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlaryny we medallary gowşurdylar.

Taýhanow häzirki wagtda Belarus döwlet uniwersitetinde okaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň