Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin awiapetekler satuwa çykaryldy, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar, Türkmenistan parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we beýleki habarlar

10:5830.03.2023
0
35477

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-11-nji aprelde resmi sapar bilen Täjigistana barar. Saparyň dowamynda döwlet Baştutany täjigistanly kärdeşi Emomali Rahmon bilen gepleşikler geçirer, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň öňüsyrasynda Duşanbede Täjigistanyň we Türkmenistanyň Işewürler Geňeşiniň ilkinji ýygnagyny, şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik maslahaty geçiriler.

2. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemledi. Paýtagtyň hem-de welaýat saýlaw toparlarynyň teswirnamalary esasyndaky maglumatlara görä, tutuş ýurt boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň 125 deputaty, 240 sany welaýat we 960 sany etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hem-de 5897 sany Geňeş agzalary saýlanyldy.

3. «Türkmen howa ýollarynyň» resmi saýtynda Aşgabatdan Londona awiapetekleriň satuwy açyldy. Saýtda diňe Aşgabat – London ugry boýunça uçuşlar üçin petekleri satyn almak mümkindir. Iň ýakyn uçuş güni – 5-nji aprel, petegiň bahasy 8706 manatdan başlanýar. Awiapetekleri «Altyn asyr» bank kartlary arkaly onlaýn satyn almak mümkindir.

4. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgynyň pýesasy esasynda «Super gaýnene» spektaklynyň ilkinji görkezilişi geçirildi. Aýdym-sazly spektaklyň çykyşynyň režissýory – Türkmenistanyň at gazanan artisti Nury Hudaýgulyýew, gaýneneleriň keşplerini Türkmenistanyň at gazanan artistleri Aýsoltan Kowusowa we Narjan Berdiýewa ýerine ýetirdiler. Özbek medeniýetiniň ajaýyp öwüşginleri bolan spektakla 2-nji aprelde sagat 19:00-da tomaşa edip bilersiňiz.

5. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakulteti açylar. Fakultete talyplary kabul etmek täze okuw ýylyndan başlanar.

Dünýäde

6. «Xiaomi» kompaniýasy «Redmi Note 12 Turbo» smartfonynyň adaty nusgasy bilen bilelikde, Potter baradaky eserleriň muşdaklaryny hökman özüne çekjek «Harry Potter Edition» atly görnüşi hem hödürledi. Ýörite neşiriň alyjylary üçin gutuda taýajyk, jadygöý eşigi, Hogwarts mekdebiniň fakultetleriniň dürli şarflary we baýdaklary, şeýle hem bu hyýaly äleme bagyşlanan sowgatlyklar bar. Mundan başga-da, «Redmi» kamera bölümini Garri Potteriň äýnegine meňzeş görnüşde üýtgetdi.

7. Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Ermenistanyň arasynda halkara mobil aragatnaşyk roumingi ýakyn wagtda ýatyrylyp bilner. Bileleşige agza ýurtlaryň öýjükli operatorlary eýýäm 2025-nji ýylyň birinji çärýegine çenli Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň çäginde aragatnaşyk hyzmatlary üçin täze nyrhnamalary girizmeli bolarlar.

8. 13-15-nji aprelde Minskide «Dynç alyş – 2023» atly Belarusyň iň uly syýahatçylyk sergisi geçiriler. Bu önümlerini we hyzmatlaryny belarus bazarynda hödürleýän bütin dünýäden ýurtlar, sebitler we syýahatçylyk kompaniýalary üçin halkara işewürlik merkezidir. Sergä gatnaşyjylar we myhmanlar dünýä syýahatçylyk birleşikleriniň wekilleri, pudagy düzgünleşdiriji guramalar bilen duşuşmaga, täze müşderileri we hyzmatdaşlary tapmaga, şeýle hem işewürlik maksatnamasynyň çärelerinde pudagyň ösüş meýillerini öwrenmäge mümkinçilik alarlar.

Sport habarlary

9. FIFA-nyň türkmenistanly emini Taýlandda geçirilen kenar futbol boýunça Aziýanyň Kubogy – 2023-iň oýunlaryna eminlik etdi. Timur Gulmyradow jemi dokuz oýunda eminlik etdi. Eýranyň milli ýygyndysy finalda Ýaponiýadan üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisi boldy. 28 ýaşly türkmen emini, 1/4 finalda Oman bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky üçünji ýer ugrundaky oýunda, şeýle hem Taýland bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky oýunda, şeýle hem toparçadaky oýunlarda emin hökmünde çykyş etdi.

10. «Neftçi» futbol topary Gyrgyzystanyň premýer-ligasynyň möwsüminde çykyş etmek üçin ýüz tutdy. Koçkor-Atanyň toparynda türkmen futbolçysy Myrat Ýakşiýew 11-lik belgide çykyş edýär. Ýatlatsak, 31 ýaşly Ýakşiýewiň şu ýylyň mart aýynda erkin agent hökmünde «Neftçiniň» düzümine goşuldy. Onuň soňky topary Aşgabadyň «Altyn asyrdy». Ýakşiýewiň «Neftçi» bilen şertnamasy bir möwsüme niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň