Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakultetini, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralaryny açmak; Goranmak ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýokarda ady agzalan fakultetiň Düzgünnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak bellenildi.
Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamak bellenildi.
Şeýle hem resminama bilen, Bilim ministrligine we Goranmak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, raýat goranyşy fakulteti, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralary ýurduň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, bu binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olarda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen açylýar.