Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapar bilen barmagyna garaşylýar. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sapar 10-11-nji aprelde meýilleşdirilýär.
Bellenilişi ýaly, saparynyň çäginde Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin, täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen ikiçäk we giňeldilen düzümdäki gepleşikleri geçirer.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 8-nji martda Duşanbe şäherinde saparda bolup, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddinow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet saparyna taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdy.
Şeýle hem saparynyň dowamynda Raşid Meredowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.