Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar

11:3127.03.2023
0
34286

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary tamamlandy. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,12% ses berdi.

2. 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10%-den gowrak ýokarlandy. Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji şu ýylyň ilkinji iki aýynda 1,73 milliard dollardan geçdi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Hytaýa eksporty 1,61 milliard dollardan geçdi, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 11% köpdür.

3. Türkmenistanly talyplar Gomel döwlet uniwersitetiniň 55 ýyllygyna bagyşlanan ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostluk festiwalyna gatnaşdylar. Olar konsertde 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halk tansy «Küştdepdini» ýerine ýetirdiler.

4. Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň täze muzeýiniň ekspozisiýasyny jemlemek boýunça işler alnyp barylýar, onda taryhy-arheologik tapyndylar görkeziler. Muzeý gymmatlyklary çäginde dürli taryhy döwürleriň we siwilizasiýalaryň dünýä belli ýadygärlikleri ýerleşen Ahalyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini şöhlelendirer.

5. «Berkarar» SDAM-de ýerleşýän «LC Waikiki» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri haryt nyşanynyň dükanyna täze ýazky egin-eşik toplumynyň gelip gowşandygyny mälim etdi. Ýazky egin-eşik toplumy jinsileri, köýnekçeleri (futbolkalar), köýnekleri, switşotlary we beýlekileri öz içine alýar. Alyjylara 1500 manada çenli söwda edilende 6 aýa çenli möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi hödürlenýär.

Dünýäde

6. Şu tomus Tokioda Garri Potter älemine bagyşlanan tematiki seýilgäh açylar. Ol Beýik Britaniýanyň çäginden daşarky Garri Potter temaly ilkinji dynç alyş desgasy bolar. Seýilgähiň meýdany 30 gektar bolar. Seýilgähiň girelgesinde myhmanlary Kings-Kross demir ýol menziliniň «9 ¾» platformasy we «Hogwarts-ekspressiň» gyrmyzy parawozy garşy alar.

7. Russiýa – Gruziýa serhedindäki «Lokarky Lars» (Werhniý Lars) goýberiş nokadynda ýük awtoulaglarynyň uly dykyny emele geldi. Onuň sebäbi sebitiň esasy ulag geçelgesini örten uzaga çeken gar ýagyny boldy. Gruziýa we ondan daşyna ýük daşaýan ýük awtoulaglarynyň sürüjileri eýýäm birnäçe günüň dowamynda gowy howa garaşýarlar. Russiýa tarapynda galan ýük awtoulaglarynyň bir bölegi Wladikawkazdaky wagtlaýyn awtoulag duralgalaryna iberilýärler.

Sport habarlary

8. Türkmen agyr atletikaçy gyz Ogulşat Amanowa Durresde geçirilen ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. 13 ýaşly agyr atletikaçy gyz 47 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy. Iki tapgyryň jemi boýunça Amanowa 156 kg netije görkezdi – silterläp götermekde 71 kg we itekläp götermekde 85 kg. Ogulşat kakasynyň – Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň we gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň (17 ýaşa çenli) tälimçisi Gurbandurdy Amanowyň ýolbaşçylygynda agyr atletika bilen meşgullanýar.

9. Şenbe güni Moskwada «Sambonyň esaslandyryjylary üçin Kubogy» atly halkara ýaryş badalga aldy. Bäsleşige erkekleriň we zenanlaryň arasynda hem-de söweş sambosy boýunça 7 agram derejesinde baýrak almak üçin bäsleşýän 10 ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Bäsleşigiň ilkinji gününiň netijelerine görä, Türkmenistanyň topary 4 medal gazandy. Olardan – bir altyn we üç bürünç.

10. Dynç güni Türkmenistanyň «Altyn asyry» bilen Russiýanyň «Uralynyň» arasynda dostluk duşuşygy geçirildi. Toparlar Dubaýdaky «Jebel-Ali» stadionynda oýnadylar. Duşuşyk ýekaterinburgly toparyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. «Altyn asyryň» türgenleşik ýygnanyşygy BAE-de 31-nji marta çenli dowam eder.

11. Eýranyň milli ýygyndysy kenar futboly boýunça üçünji gezek Aziýanyň çempiony boldy. Taýlandda geçirilen Aziýanyň birinjiliginiň finalynda Moslem Mesigaryň topary Ýaponiýany 6:0 hasabynda ýeňdi. Üçünjilik ugrundaky oýunda BAE-den 4:2 hasabynda üstün çykan Oman bürünç medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň