Agyr atletikaçy Ogulşat Amanowa ýetginjekleriň arasyndaky dünýä birinjiliginde altyn medala mynasyp boldy

10:2827.03.2023
2
35007

Türkmenistanly agyr atletikaçy Ogulşat Amanowa Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medala eýe çykdy.

13 ýaşly türgen gyz 45 kilograma çenli agram derejede ähli garşydaşlaryndan ýokary netije görkezmegi başardy. Ogulşat iki görnüşiň jemi boýunça 156 kilogram (itekläp götermekde 71 kg, silterläp götermekde 85 kg) agyrlygy zabt edip, altyn medalyň eýesi boldy.

Degişli agram derejede kümüş medal iki görnüşiň jemi boýunça 155 kilogram (itekläp götermekde 71 kg, silterläp götermekde 83 kg) netije görkezen filippinli Anjelina Kolonine, bürünç medal bolsa umumylykda 150 kilogram (itekläp götermekde 68 kg, silterläp götermekde 82 kg) netije görkezen hindistanly Akankşa Wýawahare nesip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň