Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar

12:0022.03.2023
0
45927

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýärler. Bu başlangyçlar Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatyň dowamynda öňe sürüldi. Medeniýet minstriniň orunbasary Nursähet Şirimowyň bellemegine görä, häzirki döwürde daşary ýurtly işewürlere Hazar sebitinde özara bähbitli şertlerde syýahatçylygyň ýokary derejeli mümkinçiliklerini döretmek boýunça teklipler hödürlenilýär.

2. «Türkmenhowaýollary» Agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde hünärmenleriň nobatdaky gutardyş dabarasy geçirildi. 123 sany uçurym awiasiýa ulgamynyň awiasiýada gatnawy guraýyş, howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak, dolandyrmagyň awtomatiki ulgamlary we beýleki ugurlary boýunça özleriniň zähmet ýoluny dowam ederler.

3. Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy bu ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan medeni çäre geçirdi. Çäräniň dowamynda aýdym-sazly konsertler, sergiler, şol sanda milli tagamlaryň sergisi guraldy. Türkmenistanyň ilçihanasynyň pawilýonynda elde dokalan türkmen halylary, milli şaý-sepler we ýadygärlik sowgatlar görkezildi.

4. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ýokary matematika boýunça olimpiadanyň jemini jemledi. Öňdäki bäşlige Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary girdiler. Umumylykda, olimpiadanyň meýdançasynda, takmynan, 50 talyp çykyş etdi.

Dünýäde

5. Rus kinokompaniýasy «Bazelevs» we rus režiissýory Timur Bekmambetow Hoja Nasreddiniň başdan geçirmeleri barada animasiýa filmini surata düşürmäge taýýarlyk görýärler. Türkiýäniň «Yeni Dusler Animation» studiýasy bu taslamany maliýeleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi. Gündogarda meşhur söz ussady hakyndaky film ideýasyny durmuşa geçirmek üçin, takmynan, 1 million dollar bölünip berildi.

6. Ilkinji nobatda, öz kompýuterleri bilen tanalýan Taýwanyň elektronika enjamlaryny öndüriji «Acer» kompaniýasy täze önümi – akylly welosiped «Ebii» bilen tanyşdyrdy. Onda öňdebaryjy howpsuzlyk ulgamy ornaşdyrylandyr. Şeýle hem täze önümde GPS ulgamy gurnalandyr, bu bolsa 24/7 tertibinde ulagyň hereketine gözegçilik etmäge we ogurlyk bolan ýagdaýynda uzak aralykdan öçürmäge mümkinçilik berýär. «Ebii» 110 km aralygy geçmäge mümkinçilik berýän batareýa bilen işleýär. Oturdylan elektrik hereketlendirijisi welosipediň tizligini sagatda 25 km çenli ýetirmäge ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde, ulagyň agramy bary-ýogy 16 kg-dyr.

Sport habarlary

7. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi toparyň mart aýyndaky türgenleşigi üçin 24 oýunçydan ybarat düzümini yglan etdi. Gysga arakesmeden soň Gonkongyň «Kitçi» toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow milli ýygyndy toparyna çagyryldy. Ýatlatsak, 23-nji martda türkmen topary Malaýziýanyň toparyna garşy dostluk duşuşygyny geçirer. Soňra BAE-de 25-30-njy mart aralygynda geçiriljek okuw-türgenleşigine gider.

8. 22 – 27-nji mart aralygynda Aşgabatda zenanlar toparlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçiriler. 8 topar medallar we ýurduň iň güýçli zenanlar topary adyna eýe bolmak ugrunda bäsleşerler. Bäsleşigiň finaly ýerli wagt bilen sagat 14:30-da Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

9. Türkmen goragçysy Wepa Jumaýew Gomeliň «Lokomotiwinden» «Energetik-BGU» toparyna geçdi. 22 ýaşly futbolçy geçen möwsümde Belarusyň Birinji ligasynyň 21-nji oýnuna gatnaşyp, bir pökgi geçirdi we topardaşlaryna iki gezek gol pasyny berdi. Jumaýew Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli milli ýygyndysynyň düzüminde Aziýanyň Kubogyna gatnaşyp, üç doly oýun we bir ýarym oýun oýnady.

10. Türkmenistan milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Mirza Beknazarow karýerasyny Estoniýanyň Premium ligasynda dowam etdirer. «Narwa Trans» futbol topary bilen «1+1» shemasy boýunça şertnama baglaşyldy. Asly Daşoguzly 22 ýaşly futbolçy 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Kuweýt toparyna garşy oýunda Türkmenistan milli ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek meýdança çykdy. Beknazarowyň AFK Kubogynda we AFK Çempionlar ligasynda oýnamak tejribesi hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň