Mirza Beknazarow Estoniýanyň «Narwa Trans» topary bilen şertnama baglaşdy

16:4121.03.2023
0
36771

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahalyň» we milli ýygyndynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow futbol ýoluny Estoniýanyň Premium ligasynda dowam etdirer. «Narwa Trans» futbol topary türkmenistanly ýarym goragçy bilen «1+1» ýyl görnüşinde şertnama baglaşdy. Bu barada türkmen futbolçysynyň agenti Gennadiý Hristoforidi habar berdi.

22 ýaşly daşoguzly futbolçy Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Kuweýt bilen 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda geçirdi. Beknazarowyň AFK-nyň kubogynda we AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem tejribesini baýlaşdyrandygyny ýatladýarys.

Geçen möwsümiň netijeleri boýunça Mirza Beknazarow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nusgalyk düzümine hem girizildi.

Mirzanyň täze topary 1979-njy ýylda «13-nji awtobaza» atly awtoulag kärhanasynyň düzüminde döredildi. Topar 1979 ― 1989-njy ýyllar aralygynda «Awtomobilist», 1989 ― 1991-nji ýyllarda «Awtobaza» adyny göterdi. 1991-nji ýyldan bäri bolsa «Narwa Trans» ady bilen çykyş edip gelýär.

Bu topar häzirki wagtda Ida-Wirumaa uýezdine we Narwa şäherine wekilçilik edýän ýeke-täk futbol toparydyr. Topar UEFA-nyň reýtinginde 410-njy orny eýeleýär.

Topar taryhynda iki gezek Estoniýanyň kubogyna (2001, 2019) we iki gezek ýurduň Naýbaşy kubogyna (2007, 2008) mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň