Taýwanyň elektron önümlerini, ilkinji nobatda kompýuterleri öndüriji «Acer» kompaniýasy özüniň täze önümi bolan Ebii kysymly «akylly» welosipedleri bilen tanyşdyrdy diýip, «Electrek» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Kompaniýanyň öndürýän welosipedleriniň aýratynlygy emeli aň ulgamy bilen üpjünçiligi bolup durýar. Ulgam welosiped sürülýärkä, howpsuzlygy üpjün etmäge ýöriteleşdirilen. Mysal üçin, ol eger eýesi dolandyrmaýan halatynda awtomatiki usulda hereketsiz galýar. Şeýle hem ulagda gije-gündiz hereket edýän GPS ulgamy welosiped ogurlanan halatynda-da, ony hereketsiz galdyrýar.
Ebii welosipedleriniň akkumulýatory onda 110 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär, şeýle ulagda sagatda 25 kilometr tizlik bilen hereket etmek mümkin. Onuň agramy bary-ýogy 16 kilograma deň diýlip, habarda aýdylýar.
«Acer» kompaniýasy täze önüminiň haçan satuwa çykjakdygyny we nyrhyny habar bermeýär.
«Electrek» neşiriniň çaklamasyna görä, Ebii «akylly» welosipedleriniň bahasy 1,5-2 müň dollar aralygynda bolsa gerek.