Soňky habarlar

Arhiw

Wepa Jumaýew «Energetik-BGU»-nyň düzümine goşuldy

23:5318.03.2023
0
26171

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew Gomeliň «Lokomotiw» toparyndan «Energetik-BGU» toparyna geçdi. Bu barada belarus toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

22 ýaşly futbolçy Belarusyň Birinji ligasynda şu möwsümde 21 duşuşyga gatnaşyp, olarda bir gezek tapawutlandy we iki goluň assistini berdi.

Wepa Jumaýewiň Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň hatarynda geçen ýyl Aziýanyň kubogyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys. Bu ýaryşda türkmen futbolçylary taryhynda ilkinji gezek çärýek finala çykypdylar.

Ýeri gelende aýtsak, Wepa Jumaýew 2020-nji ýyldan bäri Belarusyň çempionatynda futbol oýnap gelýär. Ol ilki Ikinji ligada Rogaçýowyň «Dneprinde» çykyş etdi, soň Gomeliň «Lokomotiwine» goşuldy. Ol «Lokomotiwde» 54 duşuşykda 2 gezek tapawutlandy. Şol duşuşyklaryň 4-si ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçirildi.

«Energetik-BGU düzümine 4-lük belgili täze oýunçyny goşdy. Topara hoş geldiň, Wepa!» diýip, klubyň metbugat gullugy bu transferi mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň